Dünýä futbolynyň super ýyldyzy, argentinaly Lionel Messiniň kakasy Horhe Messi 69 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Onuň Dünýä Kubogy döwürlerinde-de agyr keseliniň bardygy habar berlipdi. Anna güni keseli hasam ýitileşen Horheni gyssagly Rosariodaky keselhana getirselerem, ony halas etmek başartmaýar. Messiniň kakasy Horhe 1958-nji ýylda dünýä inipdi.

Horhe ogly Lioneliň futbola başlamagynda esasy roly oýnan şahsyýet bolup, ol onuň ilkinji tälimçisi hasaplanýar. Ol oglunyň menejeri bolup hem işläpdi.