Awstraliýanyň Täze Günorta Wels ştatyndaky Kiýama şäheriniň 1872-nji ýylda düýbi tutulan köpçülikleýin kitaphanasyna, takmynan, 150 ýyl mundan ozal alnan «Afinynyň gadymylyklary» atly seýrek we gymmatly kitap yzyna gowşuryldy.

Waka 77 ýaşly awstraliýaly Ross Simmonsyň öýlerinde abatlaýyş işleri geçirilende ojagyň diwaryna örülen, möhürlenen çaý gutusynyň içinden gadymy neşiri tapmagy bilen başlanýar. Bu kitaba maşgala agzalary uzak wagtlap üns hem bermändirler, hatda onuň öýde tapylanyna eýýäm 30 ýyla golaý wagt bolupdyr. Birnäçe hepde mundan öň Ross ony içgin öwrenmek kararyna gelende, kitabyň içindäki kitaphananyň möhürine gözi düşüpdir. Şeýlelikde, kitaphananyň gaznasyna 506-njy belgi astynda girizilen we ilkinji nusgalaryň biri bolan bu kitaby Ross öz eli bilen yzyna tabşyrdy.

Kitaphananyň dolandyryjysy Mişel Hadson şol pursady ýatlap: «Men onuň elindäki owadan, gadymy kitaba seredip, bu adam näme diýjek bolýarka” diýip, aňňalyp galdym. Görüp otursam, ol ony öz kanuny ýerinde goýmaga gelen ekeni» diýip gürrüň berýär. Şol döwrüň düzgünlerine görä, kitap bir aýlyk möhlet bilen berlip, möhleti geçen her hepde üçin üç pens jerime bellenilýärdi. Eger bu günki inflýasiýany göz öňünde tutsaň, kitabyň gijä galdyrylandygy üçin salynmaly jerime, takmynan, 20 müň amerikan dollara deň bolardy.

Simmonsyň çaklamagyna görä, kitaby 1857-nji ýylda Awstraliýa göçüp gelen garyndaşy, binagär Jon Simmons alan bolmaly, ýöne ol muny doly subut edip bilmeýändigini, sebäbi 1870-nji ýyllaryň okyjylarynyň atlary bellige alynýan kitapçanyň bu wagta çenli saklanyp galmandygyny belleýär.