Ildeşimiz Haýytmyrat Jumagulyýew Türkiýäniň «Çamlytepespor» klubundaky ilkinji möwsüminde Kojaeli welaýatynyň Ikinji höwesjeňler ligasynyň çempiony boldy. Türk metbugatynda habar berlişi ýaly, 20 ýaşly futbolçy geçen möwsümiň tamamlanmagyna alty tapgyr galanda, toparyň düzümine goşuldy we dessine esasy düzümde çykyş edip başlady. Ýaryşyň aýgytlaýjy duşuşyklarynda ol kluba ligada birinji orny eýelemäge ýardam eden gollary geçirdi. Final duşuşygynda hem gol geçirip, tapawutlanmagy başardy. Şeýlelikde, «Çamlytepespor» topary welaýatyň Birinji höwesjeňler ligasyna çykdy. Bu liga türk futbolynyň basgançagynda ähmiýeti boýunça altynjy derejedäki diwiziondyr.
Stambulyň golaýyndaky Kojaeli welaýatynyň Körfez şäher häkimligine degişli bolan klubuň «Körfez Esentepe» atly stadiony bar. Welaýatda adybir uniwersitetiň bolmagy toparyň ýerli ilatdan we uniwersitetiň gurşawyndan ýaş zehinleri çekmegine mümkinçilik berýär. H.Jumagulyýew hem Kojaeli uniwersitetiniň bedenterbiýe we sport fakultetinde okaýar.
H.Jumagulyýew futbol ýoluna Türkmenistanyň «Köpetdag» klubynyň ýaşlar toparynda başlady. Soňra ol Stambulda «Pari Sen-Žermen» fransuz klubynyň akademiýasynda taýýarlygyny dowam etdirdi. Türk metbugatynyň maglumatlaryna görä, ol 2024-nji ýylyň ýanwarynda PSŽ klubynyň akademiýasy tarapyndan guralan ýaryşda üstünlikli çykyş edip, ýaryşyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Oňa sowgat hökmünde Marokkonyň ýygyndysynyň kapitany, PSŽ klubynyň oýunçysy Aşraf Hakiminiň awtografly futbol köýnegi gowşuryldy.
Türkmen futbolçysy Türkiýede Çorum şäheriniň «Dudurgaspor» klubynda hem-de «Eýýupspor» klubynda çykyş etdi.
Futboly okuw bilen utgaşdyrmak üçin wagty dogry ulanmak, berk tertip-düzgüni deňagramly saklamak möhümdir. Bu ýörelge futbol bilen okuwy utgaşdyryp alyp gimegi maksat edinen ildeşimiz H.Jumagulyýewe hem sportda, hem-de okuwda ýokary netijeler gazanmaga ýardam berýär.
PDF







