Günorta Amerikada ösdürilip ýetişdirilýän balsa agajy dünýäde iň ýeňil agaç hasaplanýar. Hemişe ýaşyl öwsüp oturan bu agaja ylmy dilde «Ochroma» diýilýär. Örän çalt ösýän agajyň boýy 27-30 metre çenli ýetýär. Iň ýeňil täjirçilik agajy hökmünde peýdalanylýan balsa agajynyň esasy bölegi – 90 göterimi Ekwadorda ösdürilip ýetişdirilýär. Agajyň bu görnüşi ekoulgamy çalt dikeltmekde we tokaý döretmekde uly ähmiýete eýedir. Käbir ýerde bezeg hem-de kölege hökmünde ekilýän balsa kölleriň ýakasynda, ekin bitmeýän ýerlerde hem ösýär. 7 ýylyň içinde 20 metr beýiklige çenli ösýän balsa agajy 30-40 ýyl ýaşaýar. 3-4 ýylda gülläp ugrap, köpelmek üçin tohumlary ýere dökülip ugraýar. Bu agaja başgaça, ohroma, balza hem diýilýär.
Balsa agajyny 8-9 ýyldan soň kesip ulanmaly bolýar. Sebäbi agaç ýaşy ulaldygyça içini iýip, zaýalanyp başlaýar. Agajyň howa bilen doldurylan öýjükleri dykyzlygy azaldýar. Bu bolsa agajyň has ýeňil bolmagyna getirýär. Dünýäniň iň ýeňil täjirçilik agajynyň dykyzlygy 40-dan 160 kg/m³-a çenli bolýar. Agajyň kesilip guradylan ullakan bölegini hem aňsatlyk bilen göterip äkidip bolýar. Ýelek ýaly ýeňil bu material özünden 2-3 esse agyrlyga döz gelip, dürli howa şertlerinde durkuny üýtgetmezden, uzak ýyllap saklanyp bilýär. Balsa öýleri izolýasiýa etmekde, suwda ýüzýän enjamlary, halas ediş sowutlary, sýorfing tagtalaryny ýasamakda, gämi, gaýyk, uçar üçin zerur gurnamalary düzmekde, kagyz önümçiliginde, elektrik energiýasy üçin gorag gutusy hökmünde, diş arassalaýan çöpleri, doňdurma taýajyklaryny öndürmekde ulanylýar. Agajyň köki, ýapragy we gülleri dermanlyk maksady bilen peýdalanylýar. Gabygy bolsa süýüm hökmünde peýdalanyp, mata we halta tikmekde ulanylýar.
PDF








