Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynyň biri bolan Italiýanyň “Serie A” çempionatynyň täze möwsümine, 95-nji möwsümine ertir badalga berler. “Inter”, “Milan”, “Ýuwentus” klublary çempionlygyň esasy dalaşgäri hasaplanýar. “Napoli”, “Roma”, “Komo” toparlary-da öňdäki orunlar ugrunda göreşjek beýleki toparlar hasaplanýar. Geçen möwsümdäkiden tapawutlylykda 9 topar täze tälimçi bilen möwsüme başlar. Taryhynda ilkinji gezek UEFA-nyň ýaryşlaryna gatnaşýan “Komo” toparynyň çempionatda nähili başarnyk görkezjekdigi gümana. Sebäbi ilkinji gezek UEFA-nyň ýaryşlaryna, onda-da Çempionlar Ligasyna gatnaşýan toparlaryň köpüsine 2 ýerde bäsleşigi dowam etdirmek ýeňil düşmeýär. Ýewropa futbolynyň taryhyna seredenimizde, ençeme mysala duş gelmek bolýar.

Soňky ýyllarda ozalky abraýyndan daşlaşmagyny dowam etdirýän çempionatda 20 toparyň 5-sinden galanynyň tälimçisi ýerli hünärmenlerdir. “Serie A-“da şu möwsümde portugaliýaly, ispaniýaly, germaniýaly, rumyniýaly, horwatiýaly 1 hünärmen toparlara tälim berer.
“Wenesiýa” 1, “Frozinone” 2 hem-de “Monza” 1 ýyldan soň “Serie A” dolandy. Olar täze möwsümde-de ligada galmak üçin göreşerler.
INTER. Transfer möwsümine o diýen işjeň gatnaşmaýan soňky çempion esasy gorag tarapyny çalyşdy. Derwezeçi Ýan Sommeri, Darmiany, De Wreýi, Açerbini, Dumfrisi ugradan topar olaryň ornuna derwezeçi Prowedel, Stounz, Spens ýaly oýunçylary aldy. Kristian Kiwunyň tälimçiliginde esasy maksat çempionlygy gorap, şol bir wagtyň özünde-de Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazanmak bolar. “Inter” soňky 4 ýylda 2 gezek Çempionlar Ligasynyň finalyna çykyp, ýeňlişe sezewar bolupdy.
ÝUWENTUS. Tejribeli tälimçi Luçano Spalletti bilen ýoluny dowam etdirýän turinlilere 6 möwsümden bäri çempionlyk gazanmak başardanok. Wlahowiçi, Opendany topardan ugradan Ýuwentus Zeki Çelik, Wikario, Kerim Alaýbegowiç, täzeden Kolo Muani, Jon Lukumi ýaly futbolçylary düzümine goşdy. Hüjümde ep-esli ýyldyzy bolan “Ýuwentusyň” janköýerleri Kenan Ýyldyz, Konseisau, Lokatelli, Gatti ýaly oýunçylaryna bil baglaýar. Toparyň iň esasy maksady ýatdan çykyp barýan çempionlyga ýetmek, şol sanda hem Ýewropa Ligasyny gazanmak bolar.
MILAN. Geçen möwsümi şowsuz tamamlap, Çempionlar Ligasynyň daşynda galan we Ýewropa Ligasyna gatnaşýan “Milan”a portugaliýaly Ruben Amorim tälim berer. Gonsalu Ramuşy, Mario Hilany transfer eden “Milandan” birnäçe oýunçynyň gitmegine garaşylýar. Topar täze tälimçisine bil baglap, çempionlyk ugrunda ýiti göreş alyp barmagy maksat edinýär. Şol bir wagtyň özünde-de “Milan” Ýewropa Ligasynda çempionlygyň iň esasy dalaşgärleriniň biri hasaplanýar.
BEÝLEKILER. Geçen möwsümi Konteniň tälimçiliginde 2-nji orunda tamamlan “Napoli” toparyna Massimiliano Allegri tälim berer. “Napoliniň” hem ady çempionlyk ugrunda agzalýar. Paýtagtyň wekili “Roma” topary-da Jan Piero Gasperiniň tälimçiliginde 2-nji möwsümine başlar. “Lasio” toparynda käbir meseleler ýüze çykyp, toparyň janköýerleri bilen ýolbaşçylarynyň arasynda düşünişmezlik dowam edýär. Domeniko Tedeskany tälimçilige bellän “Bolonýa” toparynyň hem ýokarky orunlar ugrunda göreş alyp barmagyna garaşylýar. “Komo” toparyna-da 2 ýaryşda bäsleşmek agyr gelmese, Fabregasyň şägirtleri ýene-de geçen möwsümdäki başarnygyny gaýtalap biler.
Ähli möwsümde çykyş eden ýeke-täk topar “Inter”
Italiýanyň çempionaty “Serie A”-nyň 95 ýyllyk taryhynda 68 klub çykyş edip, diňe “Inter” ähli möwsümde oýnady. “Ýuwentus” bilen “Roma” 94, “Milan” 93 möwsüm “Serie A”-da çykyş etdi. Çempion bolan klublaryň sany 16-a deňdir. “Ýuwentusyň” 36, “Interiň” 21, “Milanyň” 19 çempionlygy bolup, olar öňdeligi saklap gelýär. “Jenoa” 9, “Torino”, “Bolonýa”, häzirki wagtda “Serie C”-de çykyş edýän “Pro Werçelli” 7, “Napoli” 4, “Roma” 3, “Lasio” bilen “Fiorentina” 2 gezek çempion bolmagy başardy. “Kaliariniň”, häzirki wagtda 6-njy ligada çykyş edýän “Kazale” bilen “Nowezeniň”, geçen möwsüm aşaky liga düşen “Weronanyň” hem-de 2023-nji ýyldan bäri “Serie B”-de oýnaýan “Sampdoriýanyň” 1 çempionlygy bar.
Italiýada 1929-njy ýylda esaslandyrylan “Serie A”-dan öň çempionat dürli atlar bilen geçirilýär. “Jenoa” ilkinji 3 möwsümiň çempiony bolup, genueliler ähli çempionlyklaryny “Serie A”-dan öň gazanýar.
Buffon iň köp duşuşyk, Piola iň köp gol geçiren oýunçy
“Serie A”-da iň köp duşuşyk geçiren oýunçy meşhur derwezeçi Janluiji Buffon bolup, ol 657 oýunda meýdança çykdy. Paolo Maldininiň 647, Françesko Tottiniň 619, argentinaly Hawier Zanettiniň 615 duşuşygy bar. Iň köp gol geçiren futbolçy Silwio Piola bolup, 1929-1954-nji ýyllar aralygynda çykyş eden italýan hüjümçisi 274 gezek tapawutlandy. Karýerasyny Romada geçiren Totti 250 goly öz adyna ýazdyrdy. Şwesiýaly Gunnar Nodal 225, irki ýyllaryň ýyldyzy Juzeppe Meazza bilen asly braziliýaly, Italiýanyň raýaty Žoze Altafini 216, Antonio Di Natale 209, Roberto Bajjo 205, Çiro Immobile 201 gol geçirdi.
Janluiji Buffon 10 çempionlyk bilen “Serie A”-da iň köp çempion bolan oýunçydyr. Jorjo Kiellini bilen Leonardo Bonuççiniň 9 çempionlygy bar.
PDF








