Pekinde geçirilen adampisint robotlaryň ikinji bütindünýä oýunlarynda hytaýly alymlaryň döreden robotlary dünýä belli ýamaýkaly sprinter Usain Boltuň 100 metr aralykdaky 9,58 sekuntlyk rekordyny täzelemegi başardylar. Bäsleşigiň resmi saýlama ýaryşynda “Tiangong Ultra” roboty aralygy 9,39 sekuntda geçip ýeňiji bolan bolsa, “Lightning” roboty deslapky synaglarda 9,32 sekuntlyk netijäni görkezendigine garamazdan, saýlama tapgyrda 9,47 sekunt bilen ikinji orny eýeledi. Şeýle-de, “Unitree Robotics” kompaniýasynyň “Superman” adyny göterýän roboty sagatda 45,6 kilometr tizlik görkezip, Boltuň rekord ylgawyndaky iň ýokary tizliginden hem öňe geçdi.
Şol bir wagtyň özünde, ýyndam robotlarda tormoz ulgamynyň entek doly işlenilmändigi sebäpli, pellehanadan geçen robotlar ýörite taýýarlanylan gorag diwaryna baryp uruldylar. Bary-ýogy bir ýyl öň geçirilen ilkinji oýunlarda ýeňiji robot 100 metri 21 sekuntdan hem köp wagtda geçen bolsa, häzirki wagtda tehnologiýanyň ösüşi göz-görtele duýulýar. Şeýle hem “Tiangong Ultra” duran ýerinden beýiklige bökmekde 2,8843 metr netije görkezip, bu ugurda adamyň goýan rekordyny döwmegi başardy. Bäş gün dowam edýän we 16 ýurtdan 666 topar hem-de 2056 robot gatnaşýan halkara oýunlarda bäsleşikler sportuň 51 görnüşi boýunça alnyp barylýar.
PDF








