Täze möwsüme şowsuz başlan “Tottenham” topary “Mançester Sitiniň” ýarymgoragçysy Sawiniony transfer etdi. Londonlylar 22 ýaşyndaky winger üçin “Mançester Siti” toparyna 87,7+11,7 million ýewro berer. Şertnamanyň möhleti bolsa 5 ýyl diýlip kesgitlendi. Sawinio 2024-nji ýylyň tomsunda “Troýadan” “Mançester Siti” toparyna geçipdi. Ol şäherlileriň düzüminde 84 oýunda 7 gol geçirip, 13 asist etdi. Braziliýaly oýunçy “Atletiko Mineiroda “futbola başlap, ol “Troýa” transfer bolanyndan soň “Ýong PSW”, PSW, “Žirona” toparlarynda kärendesine hem oýnady.
Tottenhamyň tiz wagtdan Omar Marmuşyň hem transferini resmi ýagdaýda mälim etmegine garaşylýar.
PDF








