Bü­tin dün­ýä­de ila­ty 10 mil­li­on­dan geç­ýän me­ga­po­lis­le­riň sa­ny 1975-2025-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da­ky ýa­rym asy­ryň do­wa­myn­da 8-den 33-e çen­li art­dy we hä­zir­ki wagt­da pla­ne­ta­nyň ila­ty­nyň tas 8 gö­te­ri­mi şeý­le ägirt uly ag­lo­me­ra­si­ýa­lar­da jem­len­di. BMG-niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, 1975-nji ýyl­da di­ňe To­kio, Osa­ka, Nýu-Ýork, Me­hi­ko, San-Pau­lu, Kal­kut­ta, Se­ul we Ja­kar­ta şä­her­le­ri şeý­le de­re­jä eýe bo­lan bol­sa, hä­zir­ki wagt­da bu sa­naw De­li, Dak­ka, Şan­haý, Guanç­žou, Ka­ir, Ma­ni­la, Ka­ra­çi, Mum­baý, La­gos we Kin­şa­sa ýa­ly on­lar­ça Azi­ýa hem-de Af­ri­ka şä­her­le­ri bi­len baý­laş­dy.
Şä­her dur­mu­şy­nyň mer­ke­zi Ýew­ro­pa­dan we De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­dan do­ly di­ýen ýa­ly daş­la­şyp, hä­zir­ki 33 me­ga­po­li­siň 19-y Azi­ýa­da, 5-si La­tyn Ame­ri­ka­syn­da, 4-si Af­ri­ka­da ýer­leş­ýär, Ýew­ro­pa­da bol­sa di­ňe Mosk­wa we Lon­don do­ly orun al­dy, Stam­bul bol­sa iki yk­ly­myň ser­he­din­de ýer­leş­ýär. Adam­la­ryň oba ýer­le­rin­den şä­her­le­re iş, ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk we bi­lim üçin köp­çü­lik­le­ýin göç­me­gi bu pro­se­siň esa­sy se­bä­bi bo­lup dur­ýar.
Şu­nuň bi­len bir­lik­de, iň uly me­ga­po­lis­le­riň sa­na­wy hem üýt­ge­di: Ýa­po­ni­ýa­nyň ila­ty­nyň gar­taş­ma­gy se­bäp­li öň­de­ba­ry­jy­ly­gy­ny ýi­ti­ren To­kio­nyň or­nu­ny In­do­ne­zi­ýa­nyň ila­ty 42 mil­lio­na go­laý­lan paý­tag­ty Ja­kar­ta we 37 mil­li­on tö­we­re­gi ýa­şaý­jy­sy bo­lan Bang­la­de­şiň paý­tag­ty Dak­ka eýe­le­di, ola­ryň yzyn­dan De­li hem-de Mum­baý gel­ýär, Nýu-Ýork bol­sa hat­da il­kin­ji on­lu­ga-da gi­rip bil­me­di.
BMG-niň bi­ler­men­le­ri­niň çak­la­ma­gy­na gö­rä, bu pro­ses do­wam edip, ýa­kyn on­ýyl­lyk­lar­da Kua­la-Lum­pur, Ad­dis-Abe­ba we Dar-es-Sa­lam şä­her­le­ri­niň hem go­şul­ma­gy bi­len me­ga­po­lis­le­riň sa­ny 37-ä ýe­ter, şeý­le hem Bang­la­de­şiň paý­tag­ty Dak­ka­nyň ilat sa­ny 52 mil­lio­na çen­li ar­typ, Ýer ýü­zü­niň iň gür ilat­ly ýe­ri­ne öw­rül­me­gi müm­kin.