Kakasy kyrk, Slawik on ýaşyndady, kirpijigem has kiçidi.
Slawik kirpijigi papagyna salyp, zordan getirdi. Ol kakasynyň gazet okap ýatan diwanyna tarap ýüwrüp baryp, begenjinden ýaňa daljygyp, demi-demine ýetmän gygyryp başlady.
– Kaka, seret!
Kakasy, gazeti bir gapdalda goýup, kirpä göz aýlady. Jaýtyja burunly kirpijik gelşiklijedi. Kakasy oglunyň jandarlara bolan söýgüsini makullap baş atdy. Çünki, onuň özem haýwanlary gowy görýärdi.
– Gowuja kirpi! – diýip, kakasy dillendi. Naşyja! Nireden tapdyň?
– Maňa gapyda bile oýnaýan oglanlarymyň biri berdi – diýip, Slawik seslendi.
– Diýmek onda sowgat beripdirler-dä?! – diýip, kakasy bilesigelijilik bilen seretdi.
– Ýok, biz çalyşdyk – diýip, Slawik aýtdy. – Ol maňa kirpi berdi, menem oňa biletjik.
– O nämäň biletjigi?
– Lotereýa bileti – diýip, Slawik kirpijigi poluň üstüne goýberdi. – Kaka, oňa süýt bermeli…
– Garaş häzir süýt bermekden! – diýip, kakasy çynyna tutdurdy. – Saňa lotereýa bileti nireden düşdi?
– Men ony satyn aldym – diýip, Slawik aýtdy.
– Kimden?
– Köçede, bir daýydan… Ol 30 köpükden şunuň ýaly kän bilet satdy. O-ho, muňa seretsene kaka, kirpi diwanyň aşagyna girdi…
– Goýsana, şu kirpili gürrüňiňi! – diýip, kakasy gaharly seslendi hem-de Slawigi öz ýanynda oturtdy. – Sen nädip, öz lotereýa biletiňi şol oglanjyga berip ýörsüň?.. Birden o birzatlar utsa näme?
– Ol utdy – diýip, Slawik kirpiden ünsüni sowman aýtdy.
– O nähili edip utýar? – diýip, kakasy ýuwaşjadan sorady. Onuň burnuny der düwmeleri basdy.
– Näme utduň?
– Sowadyjy! – diýip, Slawik ýylgyrdy.
– O nähili?! – diýip, kakasy geň-taň bolup, galpyldap başlady. – Sowadyjy?! Bolgusyz zat ýaňramasana. Sen muny nireden bilýäň?!..
– O nähili nireden? – diýip, Slawik gaty gördi.
– Men ony gazetden barladym… O ýerde birinji üç sany gabat geldi… soňra galanlaram… seriýasam!… Men eýýäm barlap hem bilýärin, kaka! Men indi uly ahyryn!
– Uly?! – kakasy şeýle bir jyzyrdap başlady welin, diwanyň aşagyndan çykan kirpijik gorkudan ýaňa ýumak ýaly düýrlendi ýatyberdi. – Uly bolubam sowadyjyny kirpä çalyşýaňmy?
– Ýöne men bizde sowadyjynyň eýýäm bardygy, kirpiniň bolsa, ýokdugy hakda pikir etdim… – diýip, Slawik gorkuly halda seslendi.
– Sem bol! – diýip, gygyran kakasy diwandan tarsa galdy.
– Kim?! Kim şol oglan?! Nirede ol häzir?!
– Ol goňşy öýde ýaşaýar – diýip, Slawik aglamaga başlady. Oňa Senýa diýýärler…
– Ýör, gitdik onda! – diýip, kakasy ýene-de gygyrdy-da, kirpini garbap eline aldy.
– Tizräk bol!!
– Gitjek däl – diýip, Slawik horkuldap aglady. – Sowadyjy gerek däl maňa, kirpijik gerek!
– Ýör diýýän, men saňa, kelesaň diýsänim – diýip, kakasy heňkirmäge başlady. – Ýöne biletiňi yzyna alarsyň, onsoň, men saňa ýüzlerçe kirpi satyn alyp bererin, bormy?
– Ýok – diýip, Slawik möňňürdi. – Ýok almarsyň… Senýa şeýle-de çalşasy gelmedi, men ony zordan yrdym…
– Ol gaty köp bilýär öýdýän! – diýip, kakasy jansereklik bilen aýtdy. – Hany, bolsana tiz!..
Senýa sekiz ýaşyndady. Ol howlynyň ortasynda duran ýerinden bir eli bilen Slawigi, beýlekisi bilenem kirpini alyp gelýän gazaply adama gorkuly seretdi.
– Hany? – diýip, Slawigiň kakasy Senýanyň golaýyna bardy. – Hany, bilet? Eý, zaluwat, bu tikeniňi yzyna al-da, bileti derrew yzyna ber!
– Mende bilet ýok! – diýip, Senýa titräp ugrady.
– Hany, o nirede?! – diýip, Slawigiň kakasy gygyryp başlady. – Näme etdiň ony süýthor? Satdyňmy?
– Men ondan kepderi ýasadym – diýip, Senýa pyşyrdady we hykgyldap aglamaga başlady.
Sowukganlylygy saklamaga jan edýän Slawigiň kakasy:
– Goý, aglama! – diýdi. – Aglama… Diýmek, sen ondan kepderi ýasapsyň. Hany indi şo kepderijik?.. Nirede?..
– Ol germewaja gondy… – diýip, Senýa dillendi.
– Haýsy germewaja?
– Hana şo ýere! – diýip, ikinji gatyň germewajyny görkezdi.
Slawigiň kakasy paltosyny çykaryp, suw akýan turbadan dyrmaşyp ugrady. Çagalar aşakdan haýran galmak bilen oňa seredýärdiler. Ol aýagy taýyp iki gezek ýykyldy, ýöne soňra her niçik-de bolsa, germewaja zordan ýetdi we ol ýerden suwa çalarak ezilen hem-de saralyp giden kiçijik kagyzdan ýasalan kepderijigi çykardy.
Ol haşlap dem alyp, ýere düşdi, bileti düzedişdirdi we onuň iki ýyl mundan ozal çykarylandygyny bilip galdy.
– Sen ony haçan satyn aldyň? – diýip, kakasy Slawikden sorady.
– Ikinji synpda okap ýörkäm – diýip, Slawik jogap berdi.
– Haçan ony barladyň?
– Düýn.
– Bu o tiraž däl… – diýip, kakasy ýadaw halda seslendi.
– Bolanda näme? – diýip, Slawik aýtdy. – Ýöne ähli sanlary gabat gelýär-ä.
Kakasy geplemän bir gyra çekildi-de özüni oturgyja goýberdi. Onuň ýüregi tiz-tizden urýardy, gözüniň öňünde bolsa, narynç halkalar gaýmalaýardy. Ol kynlyk bilen kellesini aşak sallady. Slawik kakasynyň golaýyna baryp:
– Kaka sen gynanma! Senýa barybir kirpijigi bize berjekdigini aýdýar – diýip, ýuwaşjadan dillendi.
– Sag bol! Sag bol, Senýa.. – diýip, kakasy baş atdy.
Ol ýerinden turdy-da öýüne tarap ýöneldi. Birdenkä ony gaýgy-gussa gurşap aldy. Ol sowadyjyny kirpä gypynç etmän çalşylandaky bagtly pursatlary eýýäm hiç haçan yzyna gaýtaryp bolmajakdygyna göz ýetirdi.
Terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew, “Zaman-Türkmenistan”.