Döw­let mek­dep­le­ri
Döw­let 6 ýaş­dan 14 ýaş ara­ly­gyn­da­ky äh­li okuw­çy­la­ryň mugt bi­lim al­ma­gy­na, baş­ga­ça aý­dy­lan­da, 8-nji syn­pa çen­li ke­pil geç­ýär. Gel­jek­de ony 10-njy syn­pa çen­li art­dyr­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Döw­let mek­dep­le­rin­de oka­ýan okuw­çy­la­ryň ene-ata­la­ry di­ňe okuw ki­tap­la­ry we mek­dep ly­bas­la­ry üçin tö­le­ýär­ler. Ýö­ne kä­bir ştat­lar­da, esa­san hem, Ta­mil Na­du­ ştatynda mugt okuw gol­lan­ma­la­ry, mek­dep ly­bas­la­ry we gün­de bir ge­zek na­har be­ril­ýär. Hin­dis­tan­da kör­pe­le­riň oňat bi­lim al­ma­gy üçin ene-ata­lar el­de ba­ry­ny ed­ýär­ler. Çün­ki ýurt­da bi­lim ça­ga­nyň gel­je­gi­ne öz­bo­luş­ly ser­ma­ýa ha­sap­lan­ýar. Hin­dis­tan­ly ene-ata­lar köp­lenç hu­su­sy mek­dep­le­ri has ile­ri tut­ýar­lar. Şol birwag­tyň özün­de hu­su­sy okuw mek­dep­le­ri­niň pa­ýy umu­my muk­dar­da 25 %-den yba­rat bol­sa, on­da 40 % hin­di okuw­çy­la­ry oka­ýar­lar. Döw­let mek­dep­le­rin­den hu­su­sy mek­dep­le­re geç­ýän okuw­çy­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. 2011-nji ýy­lyň ilat ýa­zu­wy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, okuw­çy­la­ryň 75 %-i döw­let mek­dep­le­rin­de oka­ýar. Ýö­ne 2017-nji ýy­lyň gör­ke­zi­ji­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, döw­let mek­dep­le­rin­de oka­mak is­le­ýän­le­riň sa­ny 13 mil­li­on ada­ma çen­li aza­lyp, hu­su­sy mek­dep­le­re bar­ýan okuw­çy­la­ryň aky­my 17 mil­li­on ar­typ­dyr.

Hu­su­sy mek­dep­ler­de
bi­lim al­ma­gyň ba­ha­sy
Hu­su­sy mek­dep­ler­de bi­lim al­ma­gyň ba­ha­sy ýer­leş­ýän ýe­ri­ne, mek­de­biň at-ab­ra­ýy­na, hyz­mat­la­ryň möç­be­ri­ne we hi­li­ne bag­ly­lyk­da ýyl­da 500 dol­lar­dan baş­lap, bir­nä­çe müň dol­la­ra çen­li ba­ryp ýet­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ça­ga­nyň mek­de­be alyn­ma­gy üçin 1 müň dol­lar­dan 3 müň dol­la­ra çen­li möç­ber­de ga­tanç tö­le­gi edil­ýär. Eý­sem, hu­su­sy mek­dep­ler ki­çi­jik müş­de­ri­le­ri­ne haý­sy goş­ma­ça hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýär? Bi­rin­ji­den, mek­de­be ýö­ri­te aw­to­bus­lar­da gat­nad­ýar­lar. Hu­su­sy mek­dep­le­riň aw­to­par­kyn­da bir­nä­çe aw­to­bus bo­lup, olar tu­tuş şä­he­re aý­la­nyp çyk­ýar­lar. Ene-ata­lar mek­de­bi ýa­şa­ýan ýe­ri­ne gö­rä däl-de, eý­sem, at-ab­ra­ýy­na we okuw­çy­la­ry ýe­ti­şdirişine gö­rä saý­la­ýar­lar. Hu­su­sy mek­dep­le­riň kö­pü­sin­de güzerany pes maş­ga­la­la­ryň ça­ga­la­ry­na so­si­al kö­mek hök­mün­de, mugt na­har be­ril­ýär.
Okuw­lar­dan soň­ra okuw­çy­lar goş­ma­ça sa­pak­la­ra we sport gur­nak­la­ry­na gat­naş­ýar­lar. Ma­te­ma­ti­ka, hin­di tans­la­ry we kri­ket gur­nak­la­ry­nyň hy­ry­dar­la­ry has-da köp bol­ýar. Mek­de­biň býu­je­ti­ne we ene-ata­la­ryň ýag­da­ýy­na la­ýyk­lyk­da, ça­ga­lar bi­len haý­wa­nat bag­la­ry­na ýa-da şä­he­riň gö­zel ýer­le­ri­ne dür­li ge­ze­lenç­ler gu­ral­ýar.
Goş­ma­ça hyz­mat­lar oku­wyň nyr­hy­na gir­me­ýär we aý­ra­tyn tö­leg edil­ýär. Ça­ga­la­ry ýö­ri­te aw­to­bus­da oku­wa gat­nat­mak üçin ene-ata­lar ýyl­da 100 dol­lar­dan 300 dol­la­ra çen­li se­riş­de sarp ed­ýär­ler. Hu­su­sy mek­dep­ler­dä­ki goş­ma­ça sa­pak­lara hem tölenilýär. Mek­dep aw­to­bus­la­ry köp ýer­de ýör­gün­li däl­dir. Hin­dis­ta­nyň gü­nor­ta­syn­da, Ke­ra­la şta­tyn­da köl­lük se­bit­ler ýer­le­şip, ol ýerler­de okuw­çy­lar ka­ter­ler we ga­ýyk­lar ar­ka­ly gat­na­dy­lýar, dzýu­do, ka­ra­te we kri­ket ýa­ly gur­nak­la­ryň ýe­ri­ne suw­da ýüz­mek we kü­rek­le­mek ýa­ly sa­pak­lar ge­çil­ýär.

Bi­li­me ym­ty­lyş
Hin­di ça­ga­la­ry oku­wyň mö­hüm­di­gi­ne ça­ga­ly­gyn­dan göz ýe­tir­ýär­ler we ylym-bi­li­me jo­gap­kär­li çe­me­leş­ýär­ler. Köp mek­dep­le­riň okuw­çy­la­ry bi­rin­ji synp­dan baş­lap, aý­lyk, çär­ýek we ýyl­lyk sy­nag­la­ry tab­şyr­ýar­lar. Sy­nag­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, mek­dep­le­riň reý­tingi dü­zül­ýär. Reý­tin­giň bi­rin­ji on­lu­gy­na düş­mek her bir mek­de­biň baş ar­zu­wy. Köp ça­ga­lar ýo­ka­ry ne­ti­je­leri ga­zan­mak üçin ýö­ri­te mu­gal­lym tut­ýar­lar. Çün­ki her synp­da 40-a go­laý okuw­çy bo­lan­ly­gy se­bäp­li, mu­gal­lym ola­ryň her bi­ri­ne aý­ra­tyn üns gö­nük­dir­mek­de kyn­çy­lyk çek­ýär. Hu­su­sy mu­gal­lym­lar bir sa­pak­dan her gün oka­dan­ly­gy üçin ep-esli hak al­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ýurt­da ene-ata­lar ma­te­ma­ti­ka, fi­zi­ka, hi­mi­ýa, iň­lis, hin­di we ştat­yň dili­ni öw­red­ýän hu­su­sy mer­kez­le­riň hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­lan­ýar­lar.
Her bir hin­di mek­de­bin­de harby sapaklar bar. Onuň ga­py­la­ry 13 ýaş­dan 16 ýaş ara­ly­gyn­da­ky og­lan­lar hem-de gyz­lar üçin açyk. Şeý­le synp­lar­da okuw­çy­lar we mu­gal­lym­lar har­by eşik geý­ýär­ler. Okuw ýy­ly­nyň do­wa­myn­da okuw­çy­lar har­by sa­pak­la­ry öz­leş­di­rip, tom­su­na meý­dan­da har­by tä­lim­le­ri geç­ýär­ler. Şeýle synpy ta­mam­la­mak bel­li bir de­re­je­de sy­nag bahalaryny öz-özün­den ýokarlandyrýar, ol bol­sa, ça­ga­nyň ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ne gir­mek müm­kin­çi­li­gi­ni döredýär.
Şeý­le syn­py ta­mam­lan­lar har­by ins­ti­tut­la­ra gi­ren­le­rin­de ola­ryň ar­tyk­maç­lyk­la­ry göz öňün­de tu­tul­ýar.
Dil
Hin­di mek­dep­le­rin­de ada­ty sa­pak­lar­dan baş­ga iň­lis, hin­di we şta­tyň öz di­li öw­re­dil­ýär. Her şta­tyň öz di­li we öz­bo­luş­ly ýa­zuw usu­ly bar. Ýur­duň me­de­ni dür­li-dür­lü­li­gi, ta­ry­hy aý­ra­tyn­lyk­la­ry, köp dil­li­li­gi – bu­la­ryň äh­li­si her bir hal­ky­ýe­ti bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­dy­ryp, olar­da öz dog­duk ştat­la­ry­na söý­gi dö­red­ýär. Eý­sem, hin­di maş­ga­la­sy ça­ga­la­ry­nyň bi­li­mi üçin nä­çe­räk muk­dar­da pul harç­la­ýar­ka? Bir okuw­çy üçin döw­le­tiň mugt mek­dep­le­ri­niň goş­ma­ça çyk­da­jy­la­ry ene-ata­la­ra bü­tin okuw ýy­ly­nyň do­wa­myn­da 1-2 müň dol­la­ra düş­ýär. Hu­su­sy or­ta mek­dep­ler­de okat­mak üçin 7 müň dol­lar­dan 12 müň dol­la­ra çen­li se­riş­de sarp edil­ýär. Ça­ga­nyň bi­li­mi üçin dog­lan gü­nün­den beý­läk bü­tin maş­ga­la bo­lup, pul ýyg­nap ug­ra­ýar­lar. Hin­di hö­kü­me­ti 2017-2018-nji okuw ýyl­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, döw­let býu­je­tin­den 11,7 mil­liard dol­lar bö­lüp ber­di. Hä­zir­ki wagt­da döw­le­tiň bi­lim ul­ga­myn­da­ky sy­ýa­sa­tyn­da synp­lar­da­ky okuw­çy­la­ryň sa­ny­ny azalt­mak we kä­bir ştat­lar­da ça­ga­la­ryň äh­li­si­niň mek­de­be do­ly gat­na­ma­gy­ny ga­zan­mak esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar.