28-nji awgustda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak üçin taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär, hususan-da, sürüm, tekizlemek, geriş we çil çekmek işleri alnyp barylýar. Ekiş möwsüminde işlediljek bugdaý ekijileri, ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda 2027-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň, mehanizatorlaryň gatnaşmaklarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il sylagly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.
Häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymy möwsümine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Hususan-da, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, pagta ýygýan kombaýnlary, awtoulaglary, beýleki oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Wise-premýer welaýatlarda ösdürilip ýetişdirilen gowaça hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, pagta ýygymy möwsümini ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmaklarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il sylagly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň gallaçy we pagtaçy daýhanlary üçin jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň ýetip gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu möhüm oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, welaýatlarda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge, 9-njy sentýabrda bolsa pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan bugdaý ekişini we pagta ýygymyny «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
PDF








