28-nji aw­gust­da ge­çi­ri­len san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da hem-de we­la­ýat­lar­da möw­süm­le­ýin iş­le­riň al­nyp bar­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň çäk­le­rin­de gel­jek ýy­lyň bug­daý ha­sy­ly­nyň düý­bü­ni tut­mak üçin taý­ýar­lyk iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär, hu­su­san-da, sü­rüm, te­kiz­le­mek, ge­riş we çil çek­mek iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Ekiş möw­sü­min­de iş­le­dil­jek bug­daý eki­ji­le­ri, ýo­ka­ry hil­li bug­daý to­hu­my­ny taý­ýar­la­mak iş­le­ri do­wam ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, wi­se-prem­ýer ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da 2027-nji ýy­lyň ha­sy­ly üçin bug­daý eki­şi­ni ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, bel­le­nen möh­let­ler­de we ýo­ka­ry hil­li ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, us­sat daý­han­la­ryň, tej­ri­be­li hü­när­men­le­riň, alym­la­ryň, me­ha­ni­za­tor­la­ryň gat­naş­mak­la­ryn­da tej­ri­be mas­la­hat­la­ry­ny ge­çir­me­giň hem-de il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ryň gat­naş­mak­la­ryn­da bug­daý eki­şi­ne baş­la­ma­gyň se­ne­si­ni bel­läp, oňa ak pa­ta ber­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz­den ha­ýyş et­di.
Hä­zir­ki wagt­da we­la­ýat­lar­da go­wa­ça eki­len meý­dan­lar­da ideg iş­le­ri ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­ne baş­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li taý­ýar­lyk iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Hu­su­san-da, pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­la­ry, pag­ta ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ry­ny, pag­ta ýyg­ýan kom­baýn­la­ry, aw­tou­lag­la­ry, beý­le­ki oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny möw­sü­me taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Wi­se-prem­ýer we­la­ýat­lar­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len go­wa­ça ha­sy­ly­ny öz wag­tyn­da ýyg­nap al­mak, pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­ni ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, us­sat daý­han­la­ryň, tej­ri­be­li hü­när­men­le­riň, alym­la­ryň we me­ha­ni­za­tor­la­ryň gat­naş­mak­la­ryn­da tej­ri­be mas­la­hat­la­ry­ny ge­çir­me­giň hem-de il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ryň gat­naş­mak­la­ryn­da pag­ta ýy­gy­my­na baş­la­ma­gyň se­ne­si­ni bel­läp, oňa ak pa­ta ber­me­gi döw­let Baş­tu­ta­ny­myz­dan ha­ýyş et­di.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, ýur­du­my­zyň gal­la­çy we pag­ta­çy daý­han­la­ry üçin jo­gap­kär­li möw­süm bo­lan bug­daý eki­şi­niň hem-de pag­ta ýy­gy­my­nyň ýe­tip ge­len­di­gi­ni aýt­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu mö­hüm oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, we­la­ýat­lar­da 2-nji sent­ýabr­da bug­daý eki­şi­ne gi­riş­mä­ge, 9-njy sent­ýabr­da bol­sa pag­ta ýy­gy­my­na baş­la­ma­ga ak pa­ta ber­di we hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar­dan bug­daý eki­şi­ni we pag­ta ýy­gy­my­ny «bis­mil­la» bi­len baş­lap ber­mek­le­ri­ni ha­ýyş et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň zäh­met­sö­ýer daý­han­la­ry­na, äh­li oba ho­ja­lyk iş­gär­le­ri­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.