…Ir za­man­lar­da guş­lar saý­rap bil­me­ýän eken. Gün­le­riň bir gü­ni olar alys ýurt­la­ryň bi­rin­de aýdym-saz öw­red­ýän paý­has­ly go­ja­nyň ýa­şa­ýan­dy­gyny eşi­dip­dir­ler. On­soň guş­lar mu­nuň dog­ru­dy­gy­ny anyk­la­mak üçin ol ýe­re leg­le­k bile bil­bi­li ug­ra­dyp­dyr­lar.
Leg­lek ju­da al­ňa­sap­dyr. Ol dün­ýä­de il­kin­ji sa­zan­da bol­ma­ga diý­seň how­lu­gyp­dyr. Ol şeý­le bir al­ňa­sap­dyr, hat­da ga­py­nam kak­man içe­rä kür­säp gi­rip­dir-de go­ja bi­len sa­lam­laş­man, onuň gö­ni alkymyna dykylyp baryp, bar güý­ji bi­len:
– Eý, go­ja! Ha­ny, ma­ňa saz öw­ret-dä! – diýip gygyrypdyr.
Ýö­ne akyl­dar oňa il­ki sy­pa­ýy­çy­ly­gy öw­ret­me­gi ýü­re­gi­ne dü­wüp­dir. Ol leg­le­gi bo­sa­ga çy­ka­ryp, ga­py­ny ka­kyp, şeý­le di­ýipdir:
– Ine, şeýt­me­li.
– Äh­li zat ap-aý­dyň – di­ýip, leg­lek be­ge­nip­dir.
– Saz di­ýip şu­ňa diýäýseň – di­ýip, hemmeleri ba­sym­rak öz sun­ga­ty bi­len haý­ran gal­dyr­ma­ga how­lu­gyp, uçup gi­dip­dir.
Bil­bil özü­niň ki­çi­jik ga­nat­la­ry bi­len gi­jräk uçup ge­lip­dir. Ol çe­kin­jeň­lik bi­len ga­py­ny ka­kyp­dyr, sa­lam­la­şyp­dyr, bi­ra­hat eden­li­gi üçin ötünç so­rap­dyr hem-de özü­niň çyny bilen aýdym öw­ren­mek is­le­ýän­di­gi­ni ýaň­zy­dyp­dyr.
Açyk gö­wün­li guş­ja­gaz akyl­da­ryň ho­şu­na gelip­dir. Şeý­le­lik­de, ol bil­bi­le özü­niň bil­ýän äh­li za­dy­ny öw­re­dip­dir.
Şon­dan bä­ri asyl­ly­ja bil­bil dün­ýä­niň iň go­wy aý­dym­çy­sy bo­lup­dyr.
Em­ma sam­sy­jak leg­le­giň çüň­ki bi­len kak­mak­dan baş­ga oňar­ýan za­dy bol­man­dyr. Has be­te­ri-de öw­nüp, beý­le­ki guş­la­ra ga­rap:
– E-heý, eşid­ýä­ňiz­mi?! Ine, şu­nuň ýa­ly, edil şu­nuň ýa­ly çalmaly. Ine bu ha­ky­ky saz. Eger-de, ynan­ma­ýan bol­sa­ňyz, gi­diň-de, go­ja akyl­dar­dan so­rap gö­rä­ýiň – di­ýip­dir.

Ter­ji­me eden Gül­za­da Ça­ry­ýe­wa,
Türk­men Mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ýa­nyn­da­ky
ýö­ri­te saz­çy­lyk mek­dep-in­ter­na­ty­nyň okuw­çy­sy.