Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­riş 31-nji aw­gust – 1-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da Biş­kek­de geç­jek Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň sam­mi­ti­ne gat­naş­mak üçin Gyr­gy­zys­tan­da sa­par­da bo­lar. Bu ba­ra­da onuň res­mi we­ki­li Ste­fan Dýu­žar­rik ha­bar ber­di.
We­ki­liň söz­le­ri­ne gö­rä, sam­mi­ti­niň meý­dan­ça­la­ryn­da bü­tin­dün­ýä gu­ra­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Gyr­gy­zys­ta­nyň Pre­zi­den­ti Sa­dyr Ža­pa­row bi­len iki­çäk du­şu­şar.
Si­şen­be gü­ni Gu­ter­riş «ŞHG+» du­şu­şy­gyn­da çy­kyş eder, ol gu­ra­ma­nyň çäk­le­rin­de dö­re­di­len bu for­mat bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­ga hem-de Ýa­kyn Gün­do­gar­da­ky ýag­da­ýa ün­si çe­ker di­ýip, Dýu­žar­rik sö­zü­niň üs­tü­ni ýe­tir­di.
Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň dü­zü­mi­ne 10 döw­let gir­ýär, olar: Rus­si­ýa, Be­la­rus­si­ýa, Hin­dis­tan, Eý­ran, Ga­za­gys­tan, Gyr­gy­zys­tan, Hy­taý, Pa­kis­tan, Tä­ji­gis­tan we Öz­be­gis­tan. Ow­ga­nys­tan hem-de Mon­go­li­ýa gu­ra­ma­da syn­çy­lar de­re­je­si­ne eýe­dir, ýe­ne 15 ýurt dia­log bo­ýun­ça hyz­mat­daş hök­mün­de çy­kyş ed­ýär.