Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş 31-nji awgust – 1-nji sentýabr aralygynda Bişkekde geçjek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyzystanda saparda bolar. Bu barada onuň resmi wekili Stefan Dýužarrik habar berdi.
Wekiliň sözlerine görä, sammitiniň meýdançalarynda bütindünýä guramasynyň ýolbaşçysy Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen ikiçäk duşuşar.
Sişenbe güni Guterriş «ŞHG+» duşuşygynda çykyş eder, ol guramanyň çäklerinde döredilen bu format boýunça hyzmatdaşlyga hem-de Ýakyn Gündogardaky ýagdaýa ünsi çeker diýip, Dýužarrik sözüniň üstüni ýetirdi.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň düzümine 10 döwlet girýär, olar: Russiýa, Belarussiýa, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Pakistan, Täjigistan we Özbegistan. Owganystan hem-de Mongoliýa guramada synçylar derejesine eýedir, ýene 15 ýurt dialog boýunça hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär.
Esasy Dünýä täzelikleri Guterriş Gyrgyzystanda geçjek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar
PDF








