Ýü­ňüň in­çe­li­gi sü­ýüm dia­met­ri­niň mik­ron (mil­li­met­riň müň­den bi­ri) ha­sa­byn­da öl­çel­me­gi bi­len kes­git­len­ýär.
Ýüň sü­ýü­mi 12mik­ron­dan in­çe, 50mik­ron­dan ga­lyň bo­lup bil­ýär.
Beý­le­ki sü­ýüm­ler­den ta­pa­wut­ly­lyk­da howadaky bu­guň 30 %-den gow­ra­gy­ny özü­ne siň­di­rip bil­ýär.
Ýüň­den taý­ýar­la­nan eşik­ler edil goý­ny go­raý­şy ýa­ly, ada­my hem ys­sy­dan, so­wuk­dan, ýel­den, ýa­gyş­dan go­ra­ýar.
Ýü­ňüň ody öçür­iji häsiýeti hem bar. Şol se­bäp­li ýangyn sön­dü­ri­ji en­jam­la­ryň ara­syn­da ýüň­den edi­len ke­çe go­ýul­ýar.

Güýz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len ho­wa sal­kyn­la­şyp baş­la­ýar. Sal­kyn we so­wuk ho­wa­da has ga­lyň ge­ýin­ýä­ris. Eý­sem, pa­s­lyň ça­lyş­ma­gy bi­len bag­ly ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne haý­wan­lar nä­hi­li öw­ren­işýär­kä?! Ýa­ba­ny jan­dar­la­ryň kö­pü­si­niň tü­ýi dü­şüp tä­ze­len­ýär. Öý haý­wan­la­ry bo­lan go­ýun­dyr ge­çi­le­r gyr­kyl­ýar. Goý­nuň ýü­ňi ýy­lyň do­wa­myn­da iki ge­zek – ýaz­da we güýz­de gyr­kyl­ýar. Ýaz­lyk ýüň ha­ly üçin go­wy ýüp­lük al­ma­ga amat­ly bol­sa, güýz­lük ýüň ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri ke­çe taý­ýar­la­mak­da ula­ny­lyp­dyr. Şeýle hem keçäniň güli ýazlyk ýüňden edilýär. Ge­çi di­ňe ýa­zy­na gyr­kyl­ýar. Güý­züň il­kin­ji aýlarynda gyr­ky­lan goý­nuň ýü­ňi gy­şa çen­li ýe­ne-de ösüp, ony so­wuk­dan go­ra­ýar. Ýüň önüm­çi­li­gin­de Awst­ra­li­ýa, Hy­taý, Tä­ze Ze­lan­di­ýa öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Dün­ýä­de goý­nuň 200-den gow­rak gör­nü­şi bo­lup, ola­ryň ýü­ňi hem bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­ly bol­ýar. Her ýurt­da ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk go­ýun­lar ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Kä­bir ýurt­­da goý­ny ýyl­da bir ge­zek gyrk­ýar­lar. De­mir­den ýa­sa­lan gyr­ky­lyk­lar ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri ula­nyl­ýan hem bol­sa, hä­zir­ki wagt­da tok­ly gyr­ky­lyk­lar hem giň­den ýaý­rady. Pä­ki­si­ yzy­gi­der­li aý­la­nyp, has çalt gyrk­ýan, el bi­len iş­le­dilýän il­kin­ji gyr­ky­lyk­lar ge­çen asy­ryň baş­la­ryn­da peý­da bo­lup­dyr. Awst­ra­li­ýa­ly De­wid Ýu­naý­pon il­kin­ji me­ha­ni­ki gyr­ky­ly­gy oý­lap ta­pyp­dyr. Ol 1909-njy ýyl­da tä­ze en­ja­my­ny tas­syk­lat­mak üçin pa­tent eda­ra­sy­na ýüz tu­tup­dyr. Bu abzaly iş­let­mek üçin hiç hi­li tok çeş­me­si ge­rek bol­man, onuň tu­ta­wa­jy gy­sy­lyp gow­şa­dy­lan­da, yzy­gi­der­li he­re­ket edip, has çalt gyrk­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rip­dir. Bir­nä­çe ki­ta­byň aw­to­ry bo­lan Ýu­naý­pon baş­ga-da bir­nä­çe açyş­lar edip­dir.
Te­bi­gy önüm bo­lan ýüň ada­myň sa­çy ýa­ly ho­wa şert­le­ri­ne gö­rä go­rag se­riş­de­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ol, esa­san, ke­ra­tin at­ly pro­te­in­den eme­le gel­ýär. Örän çy­dam­ly bo­lan ke­ra­tin goý­ny ys­sy­dan, so­wuk­dan, Gün şöh­le­sin­den, ýel­den we ygaldan go­ra­ýar. Ýüň goý­nuň Ýer ýü­zü­niň äh­li ýe­rin­däki howa şertlerinde ýaşamagyna mümkinçilik ber­ýär. Ýagny olar 40 de­re­je yssyda-da, 40 de­re­je so­wuk­da-da ýa­şap bil­ýär.