Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýörite Permany bilen Olžas Abaýewiç Bektenowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine belledi. Bu barada döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy habar berýär.

Täze parlamentiň saýlanmagy sebäpli hökümet öz ygtyýarlyklaryny tabşyrdy we Konstitusiýa laýyklykda geçirilen çäreleriň çäginde Olžas Bektenow Premer-ministr wezipesine täzeden bellenildi. Ol 2024-nji ýylyň fewral aýyndan bäri hökümet Baştutany wezipesini eýeläp gelýär, ondan öň bolsa Prezidentiň administrasiýasyna ýolbaşçylyk edipdi.