Şu gün Gyrgyzystanda iň täsin ýaryşlaryň biri bolan VI Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlary badalga alýar. Oýunlaryň resmi açylyşy ýurduň paýtagtynyň “Bişkek arena” stadionynda geçer. Açylyş dabarasynyň hormatyna uly konsert maksatnamasy taýýarlandy, onda “Korni” rus aýdym-saz topary, amerikaly aýdymçy zenan Nikol Şerzinger, gyrgyz aýdymçylary Tata Ulan, ULUKMANAPO topary, Mirbek Atabekow, Amirçik hem-de aýdymçy gyz Kanikeý çykyş ederler.

Baýramçylyga dünýä meşhur kino we sport ýyldyzlary-da çagyryldy, amerikan, polýak, gazak, rus kinoçylary, şeýle-de dünýä sumo göreşiniň rowaýaty wekili Hakuho Sýe hem-de UFC ýaryşlarynyň gyrgyzystanly çempiony Walentina Şewçenko dagylar bar.

Dabarada gatnaşyjy ýurtlaryň türgenleriniň ýörişi hem-de taryh, pelsepe we çarwadarlaryň ruhy mirasy barada teatrlaşdyrylan şowhun görkeziler. Açylyş dabarasyndan soňra sport we medeni maksatnamanyň esasy bölegi Yssyk-kölde bolar. Çarwadar-türgenler sportuň 43 görnüşinden bäsleşerler.