Astanada Gazagystan bilen Hytaýyň halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary we ylmy hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm waka bolup geçdi. Paýtagtda görnükli filosof Abu Nasr al-Farabi bilen gadymy hytaý akyldary Konfusini şekillendirýän «Beýik akyldarlaryň dialogy» atly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy dabaraly ýagdaýda açyldy.

Meşhur hytaý heýkeltaraşy U Weýşan tarapyndan döredilen bu heýkeller Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe sowgat berlipdir, döwlet Baştutany hem öz gezeginde ony Pekiniň Dil we medeniýet uniwersitetiniň Astanadaky şahamçasyna sowgat berdi. Çärä gatnaşan Hytaý Halk Respublikasynyň Gazagystandaky ilçisi Han Çunlin we Astananyň halkara uniwersitetiniň rektory Serik Irsaliýew beýik akyldarlaryň müňýyllyklary birleşdirýän paýhasynyň häzirki nesilleri ylmy üstünlikleri kämilleşdirmäge hem-de bilim alyş-çalşygyny ösdürmäge ruhlandyrýandygyny nygtadylar.

Gazagystanyň ylym we ýokary bilim ministri Saýasat Nurbek döwlet Baştutanynyň tabşyrygy bilen öňdebaryjy tehnologik uniwersitetleriň, şol sanda Sian Szýaotun, Şanhaý Szýaotun we Sinhua uniwersitetleriniň şahamçalaryny döretmek boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Şeýle hem emeli aň ulgamynda öňdebaryjy merkezleriň biri bolan Şanhaý innowasiýa institutynyň gatnaşmagynda täze Milli emeli aň barlag uniwersitetiniň açylmagy meýilleşdirilýär.