Ýarganatlaryň uzak ýaşaýyş genleri adamyň saglygyny öwrenmekde täze ýollary açyp biler, sebäbi bu jandar wiruslara garşy durmakda we garramany haýallatmakda ähli süýdemdirijileriň arasynda öňdäki orny eýeläp, çylşyrymly kesellere garşy tebigy gorag ulgamyna eýedir.
Kaliforniýanyň Berkli uniwersitetiniň alymy Huan Manuel Waskez tarapyndan geçirlen we “Nature” žurnalynda çap edilen täze ylmy barlagda bular barada giňişleýin beýan edilýär. Alym 32 dürli görnüşe degişli 259 sany ýarganaty öwrenip, olaryň kesellere nädip çydamlydygynyň syryny açdy. Esasan hem “Myotis” maşgalasyna degişli ýarganatlar barlagda esasy orun eýeledi.
Ýarganatlar zeperlenen öýjükleri kesel ýaýratmazdan öň ýok edip, rak keselleriniň öňüni alyp bilýärler. Mundan başga-da, olarda PKR atly ýörite immun faktorynyň goşmaça nusgalarynyň emele gelmegi dürli wiruslara garşy has giň möçberde göreşmäge mümkinçilik berýär.
Adaty süýdemdirijilerden tapawutlylykda, ýarganatlarda wiruslary dolulygyna ýok etmäge çalyşman, eýsem keseliň döremegine garşy durýan ýörite “wiruslara dözümlilik” strategiýasy kemala gelipdir. Ýarganatlar wiruslary özünde saklasa-da, bedenindäki ýörite gorag ulgamy çişmä we öýjük stresine ýol bermeýär. Şonuň üçin olar bu wiruslardan kesellemändirler.
Bu jandarlaryň garramaga we rak kesellerine garşy tebigy taýdan göreşmegi adam saglygyny gowulandyrmakda hem-de uzak ýaşamakda möhüm ýol görkeziji bolup biler. Huan Manuel Waskez ýarganatlary öwrenmek arkaly adamlarda hem garrylyk döwründe immun ulgamyny gowşatman saklamagyň we dürli kesellere garşy täze bejergileri tapmagyň mümkin boljakdygyny aýdýar.
PDF








