Estoniýanyň parlamentiniň deputatlary ombudsmen Ýulle Madizeni ýurduň täze döwlet Baştutany wezipesine saýladylar. Bu barada 2-nji sentýabrda eston metbugaty habar berdi.
Parlamentiň ýapyk ses berişligine gatnaşan 78 deputatyň 71-si Ýulle Madizeniň tarapyndan ses berdi. Ol saýlawlara ýeke-täk dalaşgär hökmünde gatnaşdy. Ýurduň häzirki Prezidenti Alar Karisiň ygtyýarlyk möhleti tamamlanandan soň, täze ýolbaşçynyň kasam kabul ediş dabarasynyň oktýabr aýynyň ortalarynda bolmagyna garaşylýar.
Mundan ozal eston metbugatynda ýurtdaky iki partiýanyň – Merkezçi partiýa bilen Konserwatiw halk partiýasynyň parlament saýlawlaryna gatnaşmakdan ýüz öwüp, döwlet Baştutanyny göni saýlawlar arkaly saýlamagy talap edendigi mälim edilipdi. Olar ýeke-täk dalaşgäriň gatnaşmagy we giň jemgyýetçilik çekişmeleriniň geçirilmeýändigi sebäpli saýlaw ulgamynyň kämil däldigini bellediler.
Elli bir ýaşly Ýulle Madize ozal Adalat ministrliginde, parlamentin Konstitusiýa komitetinde, Milli gözegçilik müdirliginde dürli jogapkärli wezipelerde zähmet çekdi. Ol 2015-nji ýyldan bäri ombudsmen wezipesini eýeläp gelýärdi we 2021-nji ýylyň ahyrynda bu wezipä ikinji möhlete saýlanypdy.
PDF








