Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Täjigistanyň başlangyjy bilen 31-nji awgusty Halkara howpsuz we ygtybarly emeli aň güni hökmünde bellemek hakynda Kararnama kabul etdi. Bu sene 2027-nji ýyldan bellenip başlanar. Täjigistanyň «Howar.tj» agentliginiň habar bermegine görä, bu başlangyç öň Täjigistan tarapyndan hödürlenen teklibiň we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin täze mümkinçilikleri döretmekde emeli aňyň orny» atly Kararnamanyň üstüni ýetirýär.
Bu senäniň saýlanyp alynmagy emeli aňyň ylmy ugur hökmünde kemala geliş taryhy bilen baglydyr. Ýagny 1955-nji ýylyň 31-nji awgustynda Dartmund kollejiniň emeli aň ulgamynda ilkinji ylmy-barlag taslamasyny geçirmek başlangyjy öňe sürlüpdi. Dartmund taslamasy emeli aňyň ylmy barlaglaryň özbaşdak ulgamy hökmünde kemala gelmeginde möhüm wakalaryň biri hasaplanýar.
Halkara howpsuz emeli aň gününiň döredilmegi EA-ny ösdürmek meselelerine ünsi artdyrmaga, ýurtlaryň arasynda bu ugurda tejribeleri alyşmaga hem-de täze tehnologiýalary howpsuz we jogapkärçilikli peýdalanmaga ýardam eder diýlip garaşylýar.
PDF








