Dagyň depesinden şaglap akýan suw çeşmeleri tebigatyň gözelligine görk goşup, täsin peýzažy emele getirýär. Dünýäde ululy-kiçili müňlerçe şarlawuk bolup, şolaryň arasynda Perunyň (Günorta Amerika döwleti) demirgazygyndaky Kalendin welaýatynyň Kahamarka şäherinde ýerleşýän «Cascada Velo de Nowia» şarlawugy täsin görnüşi bilen görenleri haýran galdyrýar. Uzakdan seredeniňde toý lybasyndaky gelne meňzeýän bu şarlawuk ýurduň iň owadan ýerleriniň biri hasaplanýar.
Köpçüligiň arasynda «Gelin şarlawugy» ady bilen tanalýan bu gözellik ýerli we daşary ýurtly jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär. 2019-njy ýylda syýahatçylyk pudagynda iň meşhur ýerleriň birine öwrülen «Gelin şarlawugynyň» beýikligi 15 metre ýetýär. Kahamarka dagynyň depesinden aşaklygyna inýän çeşme gaýalaryň ýüzünde ak toý lybasly gelniň şekilini emele getirýär. Uzakdan seredeniňde kartina meňzeýän bu gözelligi görmäge barmak üçin dagyň beýikli-pesli depeleriniň we kert gaýalarynyň üsti bilen 2 sagatdan gowrak pyýada ýöremeli bolýar. Barmasy kyn bolan bu ýer ýylyň belli bir döwründe syýahatçylar üçin çäklendirilýär. Şonuň üçin «Gelin şarlawugyny» wideoşekiller we fotosuratlar arkaly ýakyndan synlap bolýar.
PDF








