BMG-niň Baş Assambleýasy yklymlaryň hakyky meýdanlaryny görkezýän täze kartografik proýeksiýalara geçmek baradaky taryhy rezolýusiýany kabul etdi. Bu wajyp ädim halkara gatnaşyklarda, bilim ulgamynda we geosyýasatda ýerleriň hakyky ölçeg gatnaşygyny dogry hem-de adalatly beýan etmäge gönükdirilendir.
Dünýäniň 164 döwletiniň ses bermegi bilen kabul edilen bu resminama XVI asyrda deňiz nawigasiýasy üçin döredilen we ýer bölekleriniň meýdanlaryny ep-esli ýoýup görkezýän adaty Merkator proýeksiýasyndan ýüz öwürmegi talap edýär. Diňe alty döwlet ses bermekden saklanan bolsa, ABŞ bu rezolýusiýa garşy çykan ýeke-täk ýurt boldy we ony «artykmaçlyk» hasaplady.
Togo tarapyndan öňe sürlen we Afrikanyň Bileleşigi tarapyndan giňden goldanylan bu başlangyçda, ozalky kartalarda ekwatora golaý sebitleriň kiçeldilmegi we polýuslara ýakyn ýerleriň bolsa artdyrylyp görkezilmegi adam aňynda ýalňyş düşünjeleri döretdi. Meselem, Merkator proýeksiýasynda Grenlandiýa bilen Afrika meýdany taýdan birmeňzeş ýaly görünse-de, hakykatda Afrikanyň meýdany Grenlandiýadan 14 esse uludyr. Proporsional bolmadyk bu kartografik şekillendirmeleriň medeni, ykdysady we bilim ulgamlarynda uzak möhletleýin ýaramaz netijelere getirendigi nygtaldy.
BMG-niň bu kararynyň göni mejbury hukuk güýji bolmasa-da, dünýä jemgyýetçiligine we ýurtlaryň içerki syýasatyna uly täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Noel Barro Parižiň hem Merkator kartalaryndan ýüz öwrüp, hakyky meýdanlary has takyk görkezýän we alymlaryň maslahatyna laýyk gelýän proýeksiýalara geçjekdigini mälim etdi. Häzirki zaman kartograflary tarapyndan 2018-nji ýylda işlenip düzülen «Equal Earth» proýeksiýasy ýaly döwrebap ulgamlary ulanmak teklip edilýär. Şol bir wagtyň özünde, köne Merkator kartasy ugry dogry görkezmek aýratynlygy sebäpli diňe deňiz we howa nawigasiýasynda ulanylmagyny dowam etdirer.

Häzirki kartalar flaman geografy we kartografy Gerard Merkatoryň (1512–1594 ýý) 1569-njy ýylda döreden dünýä kartasyna esaslanýar.
Bilermenler Ýeriň kartada bolşy ýaly dogry ölçeglerde görkezip bolmajakdygyna ünsi çekýärler. Emma täze teklip edilýän karta 5 asyrdan bäri ulanylýan häzirki kartadan has takyk.
PDF








