Häzirki wagtda internet aragatnaşygy hemmeler üçin zerur serişdä öwrüldi. Internetden haýsydyr bir zady öwrenmek ýa-da kimdir biri bilen habarlaşmak aladasy bolmadyk adam hem, iň bolmanda, howanyň ýagdaýyny bilmek üçin el telefonyna seredýär ýa-da kimdir birinden haýyş edýär. Gündelik durmuşda el telefonlary arkaly internetden has köp peýdalanylýandygy sebäpli köp adam aragatnaşygyň bu ösen görnüşiniň emeli hemralar arkaly üpjün edilýändigini pikir edýär. Emma internetdäki maglumat akymynyň 99 göterimi ummanlaryň we deňizleriň astyndan geçýän kabeller arkaly geçirilýär. Internet üçin niýetlenen fiber optik kabeller suw şlangy ýaly ýogyn bolup, olaryň içinde maglumaty ýagtylyk tizliginde geçirýän örän inçe aýna süýümler bolýar. Ummanyň ýokary basyşyndan we suwdan goramak üçin olaryň daşy polat we plastik gatlaklar bilen örtülýär.
Käte bu kabellere ýyrtyjy deňiz jandarlary, gämileriň labyrlary, ýertitremeler zyýan ýetirip bilýär. Şeýle bökdençlikler ýörite gämiler arkaly yzygiderli bejerilýär.
Ekranyňyzda görýän her bir sahypaňyz, hakykatda, ummanyň düýbündäki garaňkylykdan geçip gelen maglumatdyr.
Aýsenem Orazmämmedowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
PDF








