UEFA Çempionlar Ligasynda täze möwsüme badalga berildi. Möwsümiň ilkinji goly Belgiýanyň Brýugge şäherinde hasaba alyndy. “Klub Brýugge” bilen “Aston Willanyň” arasyndaky duşuşygyň 11-nji minutynda tapawutlanan iňlis klubunyň oýunçysy Jon MakGinn möwsümiň ilkinji goluny geçiren oýunçy boldy. Duşuşyk 3-2 hasabynda “Aston Willanyň” ýeňşi bilen tamamlanyp, myhman toparyň gollaryny MakGinn (11), Buendia (22) hem-de Nikolas Jekson (43) geçirdi. Ýer eýelerinden Wetlesen (19) bilen Tresoldiniň (61 p) gollary ýeňşe ýetmedi.
Şeýle-de, Gresiýanyň çempiony AEK öz meýdançasynda Awstriýanyň çempionyny, ýaryşyň debýutanty LASKY Razwan Mariniň 21-nji minutda geçiren owadan goly bilen 1-0 hasabynda ýeňdi. Bu olaryň Çempionlar Ligasynda 20 ýyldan soň gazanan ilkinji ýeňşi boldy.
“Mançester Siti” topary myhmançylykda “Porto” toparyny Erling Holannyň 47-nji hem-de 90+1-nji minutlarda geçiren gollary esasynda 2-0 hasabynda utup, möwsüm 3 utuk bilen başlady. Holannyň bu ýaryşdaky gollarynyň sany 59 oýunda 59-a ýetdi.
PDF








