Dün­ýä­de gar­py­zyň 1200-den gow­rak gör­nü­şi ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Gö­räý­mä­ge gar­py­zyň äh­li gör­nü­şi bir­meň­zeş ýa­ly. Ýö­ne bu bak­ja önü­mi­niň daş­ky gör­nü­şi hem-de iç­ki reň­ki bi­len ta­pa­wut­lan­ýan dür­li gör­nüş­le­ri bar. Adat­ça, gar­py­zyň pa­ça­gy ýa­şyl­dan ga­ram­tyl çy­zyk­ly, et­li bö­le­gi gy­zyl bol­ýar. Dün­ýä­niň kä­bir kün­je­gin­de pa­ça­gy ga­ra, ak, sa­ry, et­li bö­le­gi ak, gül­gün, sa­ry gör­nüş­le­ri hem ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Hat­da ga­wu­na meň­zeş gar­pyz­lar hem bar. Eý­sem, siz sa­ry gar­pyz gör­dü­ňiz­mi?!
Ta­ryh­da «fa­ra­on­la­ryň gar­py­zy» diý­lip at­lan­dy­ry­lan sa­ry gar­pyz şi­re­li süý­ji ta­ga­my we reň­ki bi­len köp­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Eti açyk sa­ry reňk­li bu gar­py­zy da­şyn­dan ta­pa­wut­lan­dy­ryp bol­ma­ýar. Se­bä­bi sa­ry gar­py­zyň pa­ça­gy edil ada­ty gar­pyz ýa­ly ga­ram­tyl zo­lak­ly ýa­şyl bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da gy­zyl reňk­li gar­py­zy ha­ky­ky bol­ma­lysy ha­sap­la­sak-da, ir­ki dö­wür­ler­de sa­ry we açyk reňk­li gar­pyz­lar eki­lip­dir. Il­ki­baş­da Af­ri­ka­da dö­rän gar­py­zyň bäş müň ýyl­dan gow­rak ta­ry­hy bar. Ga­dy­my Mü­sür­de ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri wag­tyn­da fa­ra­on­la­ryň ma­za­ry­na gar­pyz­la­ryň goý­lan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bi­ziň eý­ýa­my­my­zyň 425-nji ýy­ly­na de­giş­li Wi­zan­ti­ýa mo­zai­ka­syn­da hä­zir­ki­le­re meň­zeş gar­py­zyň şe­ki­li gör­ke­zil­ýär.
Nä­me üçin sa­ry reňk­li bol­ýar?
Gy­zyl gar­py­zyň te­bi­gy reň­ki­ni li­ko­pin at­ly pig­ment (reňk öý­jü­gi) ber­ýär. Li­ko­pin po­mi­dor­da we gy­zyl burç­da hem bar. Sa­ry gar­pyz­da li­ko­pin ýok. Onuň ýe­ri­ni lýu­te­in we be­ta-ka­ro­tin pig­men­ti, ýag­ny sa­rym­tyl-mä­mi­şi reňk eme­le ge­tir­ýär. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, gy­zyl we sa­ry gar­py­zyň dü­zü­mi di­ňe reňk däl, eý­sem, ta­gam hem-de wi­ta­min­ler taý­dan hem ta­pa­wut­lan­ýar. Gy­zyl gar­py­za gö­rä, has süý­ji hem-de suw­ly ha­sap­lan­ýan sa­ry gar­pyz­da A wi­ta­mi­ni köp muk­dar­da sak­lan­ýar. Sa­ry gar­py­zyň ta­ga­my man­go, ana­na­sa we ba­la ça­lym ed­ýär. Sa­ry gar­py­zyň dü­zü­mi­niň 92 gö­te­rim­den gow­ra­gy­ny suw eme­le ge­tir­ýär.
Af­ri­ka­dan göz­baş al­ýan «fa­ra­on­la­ryň gar­py­zy» hä­zir­ki wagt­da ABŞ, Bra­zi­li­ýa, Is­pa­ni­ýa, Gre­si­ýa, Hy­taý, Ýa­po­ni­ýa, Tai­land, Wýet­nam, Tür­ki­ýe, Ga­za­gys­tan ýa­ly ýurt­lar­da ekil­ýär. Her ýyl dün­ýä­de 105 mil­li­on ton­na­dan gow­rak gar­pyz ýetişdiril­ýär.