Deňiz guşlarynyň biri bolan gagarka pingwine meňzeş daşky görnüşi bilen görenleri haýran galdyrýar. Garny ak, kellesi, ganaty we arka bölegi gara reňkde bolan bu guşa ylmy dilde «Alca torda» diýilýär. Başgaça auk, deňiz towugy hem-de uzyn çüňkli kaýra ýaly dürlüçe atlandyrylýan deňiz guşy suwda we gury ýerde ýaşap bilýär. Gagarka slawýan dilindäki «gagara» sözünden gelip çykyp, «daşlaryň, gaýalaryň üstünde ýöreýän, ýaşaýan guş» diýmegi aňladýar. Göwresiniň uzynlygy 38-43 santimetre, ganatynyň gerimi 60-69 santimetre, agramy 1,2-1,8 kilograma ýetýän gagarka Atlantik ummanynyň demirgazygyndaky gaýaly adalarda ýaşaýar. Sowuk howany halaýan alabeder guşa Beýik Britaniýanyň, Irlandiýanyň, Şotlandiýanyň, Skandinaw ýurtlarynyň, Islandiýanyň, Grenlandiýanyň we Kanadanyň demirgazyk kenarýakalarynda, şeýle hem ABŞ-nyň Men, Nýu-Hempşir hem-de Massaçusets ştatlarynda hem duş gelmek bolýar.
Gagarkanyň köpelmek möwsümi mart-aprel aýlarynda başlaýar. Adatça, mäkiýan guş daşynda tegmilleri bolan bir uly ýumurtga goýýar. Bu guş beýleki guşlar ýaly ot-çöpden höwürtge gurmaýar. Ýumurtganyň göni özüni gaýanyň üstündäki oý ýere, jaýryga goýýar. Ullakan we süýri ýumurtgadan 30-34 günde jüýje çykýar. 2-3 hepdeden jüýjeler gaýadan aşak münüp-düşüp, hereket edip başlaýarlar. 4-5 hepdeden soň jüýjeler aw awlamak we uçmak üçin 10-30 metrlik gaýadan suwa bökýärler. Gagarkalar ýaşaýan ýerine örän wepaly bolup, her ýyl şol bir höwürtgeleýän ýerine gaýdyp gelýärler. Gagarkanyň horazy we mäkiýany daşky görnüşi taýdan biri-birinden tapawutlanmaýar, ýagny bu guşlary saýgarmak kyn bolýar.
Endamy gytyk tüýli alabeder guşlar gykylykly sesler we dürli hereketler arkaly biri-biri bilen habarlaşýarlar. Pingwinden tapawutlylykda, gagarkalar ýakyn aralyga uçup bilýärler. Beýleki guşlardan tapawutlylykda, gagarka ganatlaryny kürek ýaly ulanyp, suwuň aşagynda ussatlyk bilen ýüzýär. Ussat «suwasty ýüzüjiler» suwuň 100 metre çenli çuňlugyna çümüp,
1 minutdan gowrak wagt suwuň aşagynda saklanyp bilýärler. Bu guşuň göni we ujy çeňňekli uzyn çüňki örän güýçli bolup, ownuk balyklary we mollýuskalary aňsatlyk bilen tutup bilýär. Çüňkünden gözüne çenli aralykda inçejik ak çyzygy bolan gagarka öňünden seredeniňde äýnek dakynana meňzeýär. Aýagy gysga, barmaklarynyň arasy perdeli suw guşy uzak aralyga uçup bilmeýär. Agaja gonup bilmeýän bu guş ýeliň kömegi bilen ýa-da beýik gaýadan aşaklygyna bökmek arkaly uzak aralyga uçup bilýär. Gury ýerde ýöremekde kynçylyk çekýändigi sebäpli, pingwine meňzeş bu guşlar bükülip hereket edýärler. Gagarkalar Tebigaty goramagyň halkara bileleşigi (IUCN) tarapyndan ýitip gitmek howpy abanýan guşlaryň hatarynda görkezilýär.
PDF








