«Saş-Muwi» kompaniýasy tarapyndan gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Asyra barabar gün» romanynyň ekranlaşdyrylmagy meýilleşdirilýär. Garaşylýan film ýazyjynyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli 2028-nji ýylda köpçülige hödürlener. Taslamanyň režissýory Igor Woloşin bolup, ssenarisini Oleg Malowiçko ýazýar.
1980-nji ýylda çap edilen we «Boranly beket» ady bilen hem belli bolan bu eser ýazyjynyň ilkinji romanydyr. Romanda sowet demirýol işçisi Ýedigeýiň we onuň ýegre dosty Kazangapyň jaýlanyşy giňden beýan edilýär. Mälim bolşy ýaly, Çingiz Aýtmatow hut şu çuňňur mazmunly kitaby arkaly dünýä edebiýatyna we medeniýetine «mankurt» düşünjesini girizdi. Zor bilen ýadyndan mahrum edilip, köksüz, watansyz we erksiz ýagdaýa getirilen, ähli zada boýun bolýan guly şöhlelendirýän bu düşünje öz döwründe milli özboluşlylygyň hem-de öz taryhyňy unutmagyň güýçli çeperçilik metaforasyna öwrülipdi.
Gyrgyz edebiýatynyň görnükli wekili Çingiz Aýtmatowyň bu çuň mazmunly eserinden başga-da, öň «Hoş gal, Gülsary!», «Ak gämi», «Ilkinji mugallym» we «Jemile» ýaly powestleri hem üstünlikli ekranlaşdyrylypdy. Dünýä edebiýatyna «Elwan ýaglykly serwim», «Ene toprak», «Ýüzbe-ýüz», «Düýegöz» ýaly powestleri, şeýle hem «Çapgy ýassygy», «Kassandranyň tagmasy» ýaly çuňňur pelsepeli romanlary peşgeş beren ýazyjy türkmen okyjylarynyň hem hemişe söýüp hem-de ürç edip okaýan daşary ýurt ýazyjylarynyň biri hökmünde uly orun eýeleýär.
PDF








