12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda her ýyl giňden dabaralandyrylyp geçirilýän teatr festiwalynyň çäginde dramaturg Gadam Kakabaýewiň edebi eseri esasynda döredilen we agyr synaglar bilen ýüzbe-ýüz bolan maşgala barada gürrüň berýän «Howandar» atly sahna oýnunyň ilkinji dabaraly görkezilişi geçirildi. Režissýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Eziz Işangulyýewiň ýolbaşçylygynda sahnalaşdyrylan bu täze we çuňňur mazmunly döredijilik işi agyr leýkoz keseli sebäpli bagtly durmuşy puç bolan ýaş maşgalanyň başdan geçiren pajygaly wakalaryny we ynsan kalbynyň iň duýgur owazyny tomaşaçylara ýetirmegi başardy.

Sahna oýnunda baş gahrymanlara at berilmändigi, olaryň diňe ene-de we ogul-gyz hökmünde hödürlenendigi aýratyn bellenilmäge mynasyp, sebäbi awtor bu usul arkaly şeýle agyr we elhenç synagyň islendik maşgalanyň başyna gelip biljekdigini çeper dilde nygtamak isleýär. Ölümiň hökümi bolup ýaňlanan agyr keseliň öňündäki ejizlik ene-atany çuňňur umytsyzlyga düşürýär, är-aýalyň arasynda dawa-jenjeller, özara aýyplamalar hem-de nägilelikler başlanýar. Näsag oglana kömege iň soňky tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze Onkologiýa merkeziniň tejribeli lukmanlary gelse-de, gerekli donoryň ýoklugy sebäpli ýagdaý has-da çylşyrymlaşýar, çünki bejergi donor kök öýjüklerini ulanmak arkaly birnäçe operasiýany talap edýär.

Birinji bejergi üçin kök öýjükleri hassanyň uýasyndan alnan hem bolsa, lukmanlar gyzyň ikilenç donorlyk etmek üçin ejizdigini anyklaýarlar we bu ýagdaý maşgalany ýene-de çuňňur umytsyzlyk laýyna batyrýar. Wagt bolsa näsag oglanjygyň zyýanyna işleýärdi. Lukmanlaryň maslahaty bilen ene-ata Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna ýüz tutýar we hut şol ýerde hem hakyky gudrat ýüze çykyp, gaznanyň halkara gatnaşyklarynyň we alyp barýan giň gerimli ynsanperwerlik işleriniň netijesinde gerekli donor serişdesi tapylýar. Türkmen hünärmenleri bolsa operasiýany ýokary hünär derejesinde ýerine ýetirip, oglanjygy bu keselden halas edýär.

Döredijilik topary tarapyndan oýny sahnalaşdyrmakda täzeçil çemeleşmelere giňden ýüz berlip, synag hökmünde kölege teatrynyň üstünlikli ulanylmagy, gahrymanlaryň ak lybaslary geýmegi tomaşaçylary ilkinji sahnadan başlap göni lukmançylyk mowzugyna alyp gidýär hem-de Onkologiýa merkezindäki lukman otagynyň bezeginde diagrammalaryň we lukmançylyk kartalarynyň wideoýazgylarynyň peýdalanylmagy sahna dizaýnyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Bu ýokary çeperçilik derejesindäki sahna oýnunda tejribeli sahna ussatlary Şemşat Kasymowa (eje) we Kakamyrat Bazarow (kaka) bilen birlikde, ýaş artistler Kakamyrat Sapyýew (ogul) hem-de Züleýha Sapyýewa (gyz) öz ýerine ýetirijilik ussatlyklary we tebigylygy arkaly adaty maşgalanyň janly we ynandyryjy keşbini doly açyp görkezdiler.

Gözlerine ýaş aýlap, oýny uly üns bilen tomaşa eden we bir maşgalany umytsyz diýen ýaly ýagdaýdan halas eden lukmanlara hem-de döredijilik toparyna tüýs ýürekden hoşallyk bildiren tomaşaçylar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan haýyr-sahawat işleriniň ähmiýetine ýene bir gezek şaýat boldular.