Häzirki zaman tehnologiýalarynyň çalt ösmegi bilen emeli aň diňe bir tehniki meseleleri çözmek bilen çäklenmän, eýsem sungat, edebiýat, saz we dizaýn ýaly döredijilik meýdançalaryna hem aralaşdy. Birnäçe sekuntyň içinde ajaýyp suratlary çekýän, goşgy ýazýan ýa-da saz döredýän emeli aň ulgamlary binýatlyk bir soragy ýüze çykardy: Emeli aňyň döreden bu eserleriniň awtorlyk hukugy kime degişli bolmaly? Bu sorag häzirki wagtda hukukçylaryň, dürli ugurlardaky hünärmenleriň we döredijilik wekilleriniň arasynda iň köp çekeleşilýän temalaryň birine öwrüldi.
Dünýäniň köp ýurdunda awtorlyk hukugy baradaky kanunlary taryhy taýdan adamyň zähmetini we pikirini goramak üçin taýýarlandy. Hukuk ulgamlaryna görä, bir eseriň awtorlyk hukugyna eýe bolmagy üçin ol hökman adamyň akyl zähmetiniň we döredijilik zehininiň netijesi bolmalydyr. Şol sebäpli, köp sanly halkara hukuk edaralary we patent gulluklary emeli aňyň özbaşdak döreden eserlerine göni awtorlyk hukugyny bermekden ýüz öwürýärler. Bu garaýyşa görä, adamyň gönüden-göni döredijilik goşandy bolmadyk ýerinde hakyky awtorlyk hukugy döräp bilmez.
Eýsem, mesele diňe bir taraply däl. Emeli aňy işletmek we göz öňünde tutulan netijäni almak üçin adam tarapyndan çylşyrymly buýruklar, ýagny görkezmeler berilýär. Muňa “prompt” diýilýär. Käbir hünärmenler adamyň emeli aňa berýän giňişleýin görkezmelerini, tekstlerini we soňky işläp düzmelerini adamyň döredijilik goşandy hökmünde kabul etmegi teklip edýärler. Bu ýagdaýda awtorlyk hukugynyň emeli aňyň özüne däl-de, ony gural hökmünde ulanan adama degişli bolmalydygy öňe sürülýär.
Başga bir möhüm mesele bolsa emeli aňyň öwreniş mehanizmi bilen baglanyşyklydyr. Emeli aň modelleri täze zatlary döretmezden öň, internetdäki müňlerçe hakyky awtorlaryň suratlaryny, tekstlerini we sazlaryny öwrenip, çuňňur “seljeriş işini” geçirýär. Bu ýagdaý hakyky awtorlaryň öz zähmetiniň rugsat alynmazdan ulanylmagyna we emeli aňyň olaryň meňzeşlerini öndürmegine sebäp bolýar. Şol sebäpli emeli aňyň döreden eserleriniň emläk hukugy barada gürrüň gozgalanda, ol algoritmleri “iýmitlendirýän” asyl eserleriň awtorlarynyň hem hukuklarynyň goralmagy zerurdyr.
Dünýäniň birnäçe ýurdunda emeli aň bilen bagly kanunlar kabul edilip güýje girizildi. Käbirleinde bolsa, kanun taslamasy taýýarlanýar. Dünýäde emeli aň baradaky giň gerimli kanun Ýewropa Bileleşigine degişlidir. 2024-nji ýylda kabul edilen, tapgyrlaýyn güýje girizilýän bu kanun emeli aňy töwekgelçilik derejesine görä (gadagan edilen, ýokary töwekgelçilikli, pes töwekgelçilikli) böleklere bölýär we ulanşyny berjaý etmegi talap edýär. Koreýa Respublikasynda hem-de Hytaýda emeli aň bilen bagly dürli çäklendirmeler güýje girizildi. 2025-nji ýylda Gazagystanda hem emeli aň bilen bagly kanun taslamasy kabul edilip güýje girizildi. Bu kanunlar emeli aňyň kiberhowpsuzlygy, etiki kadalary, maglumatlaryň goraglylygyny we raýatlaryň hukuklaryny bozan ýagdaýynda kimiň jogapkärçilik çekmelidigini düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda dünýäde emeli aňa awtorlyk hukugy berýän kanun ýok.
Netijede, emeli aňyň döreden zatlarynyň kime degişli bolmalydygy baradaky sorag häzirki wagtda doly çözgüdini tapmadyk çylşyrymly meseledir. Geljekde emeli aň arkaly döredilen eserler üçin täze hukuk kategorialarynyň emele gelmegi, awtorlyk hukuklarynyň adam we emeli akyl hyzmatdaşlygynyň derejesine görä paýlanmagy we sanly emläk düşünjesiniň täzeden kesgitlenmegi mümkin.

Aýsenem Orazmämmedowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.