Dünýäniň iň gadymy film festiwaly bolan Wenesiýa kino şüweleňi tamamlandy. 2-nji sentýabrda başlan 83-nji Wenesiýa film festiwalynda Meggi Gillenollyň ýolbaşçylyk edýän eminler topary baş baýraga, “Altyn ýolbars” baýragyna “Näbelli zenan” filmini laýyk gördi. Asly Marokkodan bolan daniýaly zenan režissýor Meý el-Tuhiniň surata düşüren filminde Ikinji jahan urşy ýyllarynyň tamamlanmagyndan soň bir zenan maşgalanyň başdan geçiren hadysalary barada gürrüň berilýär. Film Daniýanyň, Şwesiýanyň hem-de Latwiýanyň bilelikdäki önümi bolup, bu ekran eserinde baş keşbi ýerine ýetirýän Matilde Arsel iň gowy aktrisa diýlip saýlandy. Ol “Volpi” kubogy bilen sylaglandy.

Festiwalda eminleriň “Gran Pri” baýragyna koreýaly režissýor Li Çan-donuň surata düşüren “Mümkin bolan söýgi” atly filmi mynasyp boldy.

Seminleriň Ýörite baýragyna Ýuwal Abraham bilen Raçer Soruň bilelikde surata düşüren NAZA atly dokumental filmi laýyk görüldi.

Festiwalyň Kümüş ýolbars baýragy-da “Dau” filmi üçin asly russiýaly režissýor Ilýa Hržanowskä berildi.

Iň gowy aktýor baýragyna “Dokuzynjy belgidäki ýabany at” filmindäki keşbi üçin meşhur artist Jon Malkowiç laýyk görüldi.

Iň gowy ssenariý baýragy eýesi “Gowy kiçi esger” filminiň edebi esasyny ýazanlar – Korali Amedo, Stefan Briz hem-de Oliwer Gors daga gowşuryldy.

Marçelo Mastroianniniň adyny göterýän baýragyň bu ýylky eýesi 15/18 filminiň režissýory Sedri Han boldy.

Festiwalyň dowamynda amerikaly meşhur aktrisa Ellin Burstin bilen tanymal aktýor Jorj Kluni kino sungatynda bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, ömür boýy başarnyk baýragy bilen sylaglandy.