Dün­ýä­niň halk­la­ry­nyň ta­ry­hy­na ser sa­la­ny­myz­da, türk­men hal­ky­nyň iň­ňän ga­dy­my halk­la­ryň bi­ri­di­gi, sa­ha­wat­ly top­ra­gy­myz­da il­kin­ji si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň bi­ri­niň dö­rän ýe­ri­di­gi aýan bol­ýar. Ga­dy­my Ma­ry­da, Ahal­da, Kö­ne­ür­genç­de, Le­bap, Bal­kan top­rak­la­ryn­da sak­la­nyp ga­lan ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­le­ri­miz bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki dö­wür­ler­de, ir­ki or­ta asyr­lar­da we on­dan soň­ky dö­wür­ler­de bu se­bit­ler­de iri otu­rym­ly ýer­le­riň, ösen şä­her­le­riň, diý­mek, mer­kez­le­şen döw­let­le­riň hem bo­lan­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Biz mu­nuň hut şeý­le­di­gi­ne go­ja ta­ry­hy­my­zyň sa­hy­pa­la­ryn­da sak­la­nyp ga­lan yl­my ýaz­gy­lar­da, “Oguz­na­ma”, “Gor­kut ata”, “Gö­rog­ly” ýa­ly epos­la­ry­myz­da, türk­men halk des­san­la­ryn­da, ro­wa­ýat­la­ryn­da, be­ýik akyl­dar­la­ry­myz Aza­dy­nyň, Mag­tym­gu­ly­nyň eser­le­ri­ni we beý­le­ki ta­ry­hy ýaz­gy­la­ry oka­ny­myz­da has aý­dyň göz ýe­tir­ýä­ris.
Hal­ky­my­zyň ta­ry­hy, et­nog­ra­fi­ýa­sy ba­ba­tyn­da iň ir­ki çeş­me­le­riň bi­ri bo­lan “Oguz­na­ma­da” ata-ba­ba­la­ry­my­zyň kyrk dört der­we­ze­li uly şä­her­ler­de ýa­şan­dyk­la­ry, döw­let­le­ri gu­rup, dün­ýä­niň çar kün­jek­le­ri­ne il­çi­le­ri ibe­ren­dik­le­ri ba­ra­da anyk ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ry oka­ýa­rys. Eser­de duş gel­ýän “Döw­let, döw­let ýol­baş­çy­sy, ge­ňeş, il­çi, mas­la­hat, hä­kim, per­man, ra­ýat” ýa­ly söz­ler ba­ryp-ha şol ir­ki dö­wür­ler­de mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ýag­şy iş­le­ri ag­zy­bir­lik­de, je­bis­lik­de amal edip, ýa­şan­dyk­la­ry­na gü­wä geç­ýär. Bir ag­za bak­ma­gyň, ýur­dy gül­let­me­giň, ekin ekip, ha­syl al­ma­gyň, şä­her­le­ri gur­ma­gyň “Oguz­na­ma­da” aýt­myş­la­ýyn: “Döw­let berk­li­gi­ne esas we at-ab­ra­ýa söý­get” bol­ýan­dy­gy­na pe­der­le­ri­miz aň­ry­ýa­ny bi­len dü­şü­nip­dir­ler.
Türk­men hal­ky­nyň meş­hur ru­hy çeş­me­le­ri­niň bi­ri “Gor­kut ata” epo­sy hem ata-ba­ba­la­ry­my­zyň öz­baş­dak döw­let gur­mak ug­run­da­ky gah­ry­man­çy­lyk­ly he­re­ket­le­ri­ni, jem­gy­ýet­çi­lik gur­lu­şy­ny, sy­ýa­sy dur­mu­şy­ny be­ýan ed­ýär. Oguz­la­ryň nus­ga­lyk döw­let ýö­rel­ge­le­ri­niň bi­ri il-ýurt üçin bäh­bit­li iş­le­ri amal et­mek­de il ýa­şu­lu­la­ry­ny, oguz beg­le­ri­ni ça­gy­ryp, düýp­li mas­la­hat et­mek bo­lup­dyr.
Döw­let­li­li­giň, rys­gal-be­re­ket­li­li­giň ýö­rel­ge­si hök­mün­de bu ýö­rel­ge müň­ler­çe ýyl­la­ry aşyp, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len tä­ze rö­wüş­de, asu­da­lyk­da, ag­zy­bir­lik­de, uly ro­waç­lyk­lar­da do­wam ed­ýär.
Il-gü­nü­ňe ak ýü­rek­den hyz­mat et­mek, tö­we­rek-da­şy­ňa sy­la­şyk­ly bol­mak, ýag­şy iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek, bi­rek-bi­re­ge he­ma­ýat et­mek ýa­ly türk­me­niň kö­ki-da­ma­ry­na si­ňen, äh­mi­ýe­ti­ni hiç ma­hal ýi­tir­me­ýän nus­ga­lyk hä­si­ýet­ler “Gö­rog­ly” epo­sy­nyň bü­tin do­wa­myn­da ör-bo­ýu­na gal­ýar. Epo­syň wa­ka­la­ry türk­men­le­riň döw­let gur­mak ýö­rel­ge­le­ri­ni anyk gör­kez­ýär. Mu­ňa eser­de duş gel­ýän pa­ty­şa, beg, tö­re, sol­tan, ata­beg, guş­be­gi, di­wan­be­gi, il­çi ýa­ly döw­let gur­lu­şy­ny gör­kez­ýän söz­ler, şeý­le-de ra­ýat­la­ryň kesp-kär­le­ri­ni aň­lad­ýan at­şy­nas, se­ýis, bak­gal, mal­dar, söw­da­gär, zer­gär, ço­pan, mi­rap, suw­çy, mür­ze, gas­sap, te­bip, aş­baz, us­sa… ýa­ly söz­ler, aň­lat­ma­lar anyk şa­ýat­lyk ed­ýär. Pa­ty­şa, we­zir, ge­ňeş­dar, beg, tö­re, ak­sa­kal, ka­zy, mas­la­hat, ge­ňeş, il, ilat, mä­re­ke, mö­hür, äht, ka­sam… ýa­ly söz­ler hal­ky­myz­da döw­let gur­mak ýö­rel­ge­le­ri­niň ga­dy­my­ýet­den göz­baş al­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Epos­da duş gel­ýän “Il­çä ölüm ýok­dur” di­ýen na­kyl türk­men­le­riň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat ber­ýär.
Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň gu­ran döw­let­le­ri­niň ýa­kyn we alys ýurt­lar bi­len iş­jeň gat­na­şyk­da bo­lan­dyk­la­ry­ny epos­da ag­zal­ýan Ara­bys­tan, Os­man, Hä­zir­beg­jan, Yrak, Rum, Bal­hy-Ba­dah­şan, Ys­py­han, Ni­şa­pur, Nis­bi­ja­han, Sew­zi­waç, Los­san, Töw­riz, Şir­wan, Ger­mi­ýan, Bag­dat, Ha­lap, Hy­ry, Dam­gan, Ha­raz­min… ýa­ly ýer-ýurt, şä­her at­la­ry gör­kez­ýär. Türk­men­le­riň gu­ran döw­let­le­ri, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry, mad­dy-ru­hy me­de­ni­ýe­ti ba­ba­tyn­da “Gö­rog­ly” epo­sy anyk ta­ry­hy, ede­bi, et­nog­ra­fik çeş­me­dir.
ХI asyr­da ýa­şan alym Mah­myt Kaş­gar­ly­nyň meş­hur “Di­wa­nyn­da” oguz türk­men­le­ri­niň dur­mu­şy­nyň köp ta­rap­la­ry­na de­giş­li mag­lu­mat­lar bar. “Di­wa­na” la­ýyk­lyk­da, türk­men­le­riň eý­ýäm ir­ki or­ta asyr­lar­da ösen döw­le­ti bo­lup­dyr. Bu ba­ra­da eser­de duş gel­ýän “han, beg, emir” ýa­ly so­si­al adal­ga­lar ha­bar ber­ýär. Şeý­le-de, eser­de han­lar­da we beg­ler­de tug­la­ryň bo­lan­dy­gy, oguz tag­ma­la­ry­nyň wag­tyň geç­me­gi bi­len mö­hür­ler­de hem öz be­ýa­ny­ny ta­pan­dy­gy ba­ra­da mag­lu­mat­lar bar. “Di­wan­da” döw­let gur­lu­şyn­dan ha­bar ber­ýän söz­le­riň için­de ХI asyr­da ha­nyň buý­ru­gy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin ni­ýet­le­nen at­la­ry “ulag” sö­zi bi­len at­lan­dy­ryl­ma­gy gy­zyk­ly­dyr. Ýag­ny döw­let do­la­ny­şy­gyn­da per­man­lar­dyr ka­rar­la­ry hal­ka ýe­tir­mek üçin ýö­ri­te ulag ul­ga­my­nyň bo­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Eser­de ag­zal­ýan äh­di-peý­man, ka­sam, il­çi ýa­ly söz­ler hem döw­let ýö­rel­ge­le­rin­den ha­bar ber­ýär. “Di­wan­da” daý­han­la­ra döw­let ýer­le­ri­niň kä­ren­dä be­r­len­di­gi­ni gör­kez­ýän söz­ler bar. Bu bol­sa ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ga­dy­my otu­rym­ly kök­le­rin­den, olar­da ýer eýe­çi­li­gi­niň bir­nä­çe gör­nüş­le­ri­niň ösen­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­myz hem türk­men­le­riň nus­ga­wy döw­let ýö­rel­ge­le­ri ba­ra­da köp mag­lu­mat­la­ry ber­ýär­ler. Akyl­dar şa­hy­ry­myz Döw­let­mäm­met Aza­dy­nyň “Wag­zy-Azat” ese­rin­de mö­hüm jem­gy­ýetçilik me­se­le­le­ri­niň köp­çü­lik bo­lup, ge­ňe­şip çö­zü­len­di­gi ba­ra­da aý­dyl­ýar:
Mas­la­hat­syz iş pu­şeý­man­lyk bo­lar,
Ýe­ne akyl kes­mez, köp kyn­lyk bo­lar.

Köp­lük bol­sa, her bi­ri bir söz aý­dar,
Akyl­ly är kö­püň sö­zü­ni tu­tar.
Türk­men­le­riň pa­ra­hat­sö­ýü­ji mil­li hä­si­ýe­ti Aza­dy­nyň:
Ok ýa naý­za bi­len bit­me­dik işi,
Ge­ňeş bi­len bi­tir­se bor, eý ki­şi
– ýa­ly se­tir­le­rin­de anyk gö­rün­ýär.
Akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň bu wes­ýet­le­ri­niň aja­ýyp döw­rü­miz­de Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ama­la aş­ýan­dy­gy­ny, ne­sil­le­ri­mi­ziň bag­ty­ýar gel­je­gi­ni na­zar­la­ýan­dy­gy­ny gör­mek uly bagt­dan ny­şan­dyr.
Mer­da­na hal­ky­myz­da “Owal akan ýe­rin­den akar­myş aryk” di­ýen pa­ra­sat­ly na­kyl bar. Bu gün şöh­rat­ly ata-ba­ba­la­ry­my­zyň be­ýik iş­le­ri do­wa­mat do­wam bol­ýar. Ga­raş­syzlygyň ösüş ýyl­la­ry için­de Türk­me­nis­tan­da de­mok­ra­tik, hu­kuk, dün­ýe­wi döw­le­tiň berk bin­ýa­dy tu­tul­dy. Ýur­du­myz­da dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mä­ge we my­na­syp dur­muş­da ýa­şa­ma­ga äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Döw­let Ga­raş­syz­ly­gy, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hukuk ýagdaýy pa­ra­hat dur­mu­şyň ke­pi­li­ne öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da iş­le­nip dü­zü­len mil­li Mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi sy­ýa­sy ul­ga­myň has-da kä­mil­leş­me­gi­ni, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi­ni, azyk howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ni, ýa­şa­ýyş-dur­muş ul­ga­my­nyň ber­ke­me­gi­ni, bi­li­miň we yl­myň de­re­je­si­niň has hem ýo­kar­lan­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­myz­da bo­lup ge­çen we do­wam ed­ýän öz­gert­me­ler her bi­ri­mi­ziň bag­ty­ýar şu gü­nü­mi­zi we gel­je­giň ha­ty­ra­sy­na ba­dal­ga ber­len be­ýik iş­le­ri na­zar­la­ýar. Bu gün bi­lim al­mak, me­de­ni, ru­hy we be­den taý­dan sag­dyn ös­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len­dir.
Goý, mer­da­na hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň bar­ha go­wu­lan­ma­gy, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gö­te­ril­me­gi ug­run­da be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun! Ama­la aşyr­ýan dün­ýä nus­ga­lyk iş­le­ri he­mi­şe uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Bi­ke Di­wan­gu­ly­ýe­wa,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky TDU-nyň uly
mu­gal­ly­my, ta­ryh ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty.