Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiş sentýabr aýynyň 25-i ýa-da 26-sy güni wezipesinden çekilmekçidigini, şondan soň 25-nji oktýabra bellenen ýurduň möhüm parlament saýlawlaryna Premýer-ministr wezipesine dalaşgär hökmünde gatjakdygyny mälim etdi. Ol bu barada ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň soraglaryna jogap berip, raýatlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze çäreleri tanyşdyran wagty aýtdy.

Serbiýanyň Lideri ABŞ-a saparyndan soň bu ädimi ädýändigini belläp, kanun talap etmese-de, saýlaw möwsümine adaty raýat hökmünde gatnaşjakdygyny nygtady. Ýatlap geçsek, 9-njy sentýabrda ýurduň döwlet Baştutany parlamenti ýatyrmak hakyndaky karara gol çekipdi we nobatdan daşary saýlawlaryň geçiriljek wagyny belläpdi. A. Wuçiş 2017-nji ýylyň aprelinde bu wezipä saýlanyp, 2022-nji ýylda ýene-de ýurduň Prezidentligine saýlanypdy.