Düýn Şwesiýada geçirilen ählumumy saýlawda Sosýal demokratlaryň ýolbaşçylygynda Merkez partiýasynyň, Ýaşyllyr partiýasynyň we Çep partiýanyň emele getiren Merkez-çepçi blok ýeňiji boldy. Ses berip çykan saýlawçylar bilen geçirilen pikir soralyşykda Merkez-çepçi blok 51,3% ses aldy. Bu bolsa, 349 agzasy bolan parlamentde (Riksdag) syýasy bileleşigiň 183 orny eýelejekdigini aňladýar.

Häkimiýetdäki sagçy partiýalary Aram koalisiýa partiýasy, Hristiýan demokratlar, Liberallar hem-de Şwesiýa Demokratlary emele getirip, jemi 46,8% ses aldy. Bu topar parlamentdäki 166 orna eýe bolar.