Güýz paslynyň gelmegi bilen howa gün-günden sowap, Gün şöhlesiniň dowamlylygy azalýar. Möwsüm çalyşýan bu döwürde bedenimiz täze tebigy şertlere uýgunlaşmaly bolýar. Howanyň üýtgemegi sebäpli adamlarda ýadawlyk, ukusyzlyk we immun ulgamynyň gowşamagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykyp biler. Şol sebäpli, saglygymyzy goramagyň, energiýamyzy ýokary derejede saklamagyň we möwsümleýin keselleriň öňüni almagyň iň netijeli ýoly – dogry we deňagramly iýmitlenmekdir.
Güýzine hem edil beýleki pasyllardaky ýaly, sagdyn iýmitlenmek we iş bilen dynç alşy utgaşdyrmak, pasla görä geýinmek zerurdyr. Aşa ýadamak, gyzgyn, howasy çalyşmaýan otagda uzak wagtlap bolmak ýa-da tersine aşa sowuk otagda bolup, sowuk iýmitleri iýmek bedenimize zyýanly täsirini ýetirýär. Şeýle-de döräp biljek möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak maksady bilen, şahsy arassaçylyk tertip-düzgüni berjaý edilmeli.
Sentýabr we oktýabr aýlarynda datly miweler ýetişýär. Gök önümler beden üçin ýokumly witaminleri özünde jemleýär. Kädi A, C, E witaminlerine baýdyr. Kädi iýmit siňdiriş ulgamyny gowulandyrýar. Nar we üzüm antioksidantlara baý bolup, ganyň düzümini gowulandyryp, ýürek-damar ulgamyny berkitmäge, öýjükleriň täzelenmegine kömek edýär. Alma we armyt bolsa süýümlere baý bolup, içege mikroflorasyny sazlaşdyrmaga we deňagramly saklamaga kömek edýär.
Güýzde immun ulgamyny güýçlendirýän önümleri iýmek maslahat berilýär. Sarymsak we sogan tebigy antibiotik hökmünde mikrob we wiruslara garşy bedeniň çydamlylygyny ýokarlandyrýar.
Tomus aýlarynda sowuk içgiler we ýeňil işdäaçarlar köp sarp edilen bolsa, güýzde dok tutýan naharlary iýmek maslahat berilýär. Dürli suwuk naharlar, gök önümli çorbalar we nohutly tagamlar hem bedeni ýyladýar.
Sowuk howada adamyň suw içmek islegi azalsa-da, bedeniň suwa bolan islegi üýtgemeýär. Gurak howada deriniň we öýjükleriň çyglylygyny saklamak üçin her gün ýeterlik mukdarda (1,5–2 litr) arassa suw içmeli. Süýji we gazly içgileriň ornuna otly çaýlary, tebigy kompotlary saýlamak peýdalydyr.
Sagdyn iýmitlenmek diňe bir fiziki saglygy däl, eýsem, ýokary zähmet ukyplylygyny hem üpjün edýär. Ýeterlik ukyny almak, arassa howada gezelenç etmek sizi möwsümleýin kesellerden gorap, güýz aýlaryny ruhubelent geçirmäge mümkinçilik berer.
Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň müdiri.
PDF








