UEFA Milletler Ligasynda “A” Liganyň 2-nji toparçasynda Germaniýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Serbiýanyň ýygyndysyny 2-0 ýeňdi. Nemeslere ýeňiş getiren gollary 39-njy minutda Bişof bilen 61-nji minutda Florian Wirts geçirdi. Şeýlelikde, Ýurgen Klopp milli ýygyndynyň tälimçisi hökmünde ilkinji ýeňşini gazandy.

Toparçadaky beýleki oýunda Gresiýanyň ýygyndysy bilen Niderlandlar duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda grekler Ioannidisiň 23-nji hem-de Masurasyň 45+2-nji minutlardaky gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik Hawiniň şägirtleri Wan Deýkiň (59) hem-de Reýndersiň (89) gollary bilen hasaby deňläp, ýeňlişden halas boldy.
Toparçada 3-nji oýunlardan soň Gresiýanyň 7, Niderlandlaryň 5, Germaniýanyň 4 utugy bolup, Serbiýanyň häzirlikçe utugy ýok.
Indiki tapgyryň oýunlary 4-nji oktýabrda oýnalar we şol gün agşam Gresiýa Germaniýany, Niderlandlar Serbiýany kabul eder.
PDF








