Halk Maslahaty – halkyň geňeş etmek, maslahatlaşmak däbiniň döwrebap beýany. Ata-babalarymyz il-ýurt bähbitli meseleleri geňeşip, bir supranyň başyna jemlenip çözüpdirler. «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýen parasatly pähim hem halkymyzyň maslahatlaşmak, agzybirlik barada garaýyşlarynyň çuň many-mazmunyny şöhlelendirýär.
Bu asylly ýörelgeden ugur alnyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Umumymilli forumda ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşiniň esasy ugurlary, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly wezipeler kesgitlendi hem-de geljek ýyllara niýetlenen möhüm resminamalar kabul edildi. Maslahatda «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 – 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» tassyklanmagy uzak möhletli senagat ösüşiniň maksatlaryny kesgitleýär.
Mejlisde ýaş nesliň geljegi bilen bagly meseleler hem möhüm orun eýeledi. «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýaşlaryň ylym-bilime, ösen tehnologiýalara gyzyklanmagyny höweslendirmek, olaryň jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna gatnaşmagy üçin şertleri ösdürmek ýaly maksatlary özünde jemleýär. Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny, döwletiň we jemgyýetiň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmäge täze mümkinçilikleri döretdi. Olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleriň emele gelmegine, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge uly itergi berdi.
Watansöýüji, ýokary ahlakly, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly ýaşlary kemala getirmek döwletimiziň baş wezipeleriniň biridir. Täze taryhy döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzda şöhratly geçmişimizi döwrebap dowam etdirip, şanly geljegimiziň eýeleri boljak ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn, päk ahlakly, hünärli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmäge hem uly üns berilýär. Täze kärhanalary gurmagyň we bar bolanlaryň durkuny täzelemegiň hasabyna ýurdumyz boýunça şu ýylyň ahyryna çenli täze döredilen iş orunlarynyň sany 5 müň 300-e golaý bolar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň: «Biz «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda ilatymyzyň iş üpjünçiligini has-da kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis» diýip bellemegi ýurdumyzda raýatlarymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda edilýän ägirt uly işleriň aýdyň subutnamasydyr.
Halk Maslahatynyň mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasynyň hem tassyklanmagy daşary syýasatyň halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmäge we hemişelik Bitaraplygyň amaly mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir. Parahatçylyk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýaly gymmatlyklar bu ugurdaky işleriň möhüm mazmunyny düzýär.
Şeýle hem «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň» tassyklanmagy mejlisde kabul edilen möhüm resminamalaryň hatarynda boldy.
Mejlisde hormatly ýaşululary we eneleri sylaglamak, zähmetde tapawutlanan raýatlary Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak bilen bagly resminamalara hem gol çekildi. Munuň özi jemgyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän adamlaryň hyzmatlaryny döwlet derejesinde ykrar etmegiň beýanydyr.
Ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin.
Muhabbet DÖWLETOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
PDF








