Sowet we rus psihoterapewti, döwlet Dumasynyň öňki deputaty Anatoliý Kaşpirowskiniň 87 ýaşynyň içinde aradan çykandygy mälim edildi.
«Deutsche Welle» neşiriniň habar berşi ýaly, onuň aradan çykandygy baradaky habary telealypbaryjy Andreý Malahow mälim etdi. Anatoliy Kaşpirowskiý sowet psihoterapewti we lukmany bolup, 1980-nji ýyllaryň aýaklarynda teleýaýlymlar arkaly uly meşhurlyga eýe bolupdy.
Kaşpirowskiý ekstrasens hökmünde öz çykyşlaryny görüp oturan tomaşaçylara uzak aralykdan bejeriş täsirini ýetirip bilýändigini, saglyk we abadanlyk barada ruhy we psihologik görkezmeleri öňe sürýärdi.
PDF







