Iň tagamly miweleriň biri hurma (“Phoenix dactylifera”) özüniň süýji tagamy bilen hemmeleriň halaýan iýmişleriniň biridir. Ol dünýäde iň köp sarp edilýän miweleriň hatarynda durýar. Ata watany Arabystan ýarymadasy we Demirgazyk Afrika hasaplanýan bu miwe irki döwürlerden bäri dürli keselleri bejermekde we öňüni almakda peýdalanylypdyr. Bu miwäniň düzümindäki peýdaly maddalar bedeni gurplandyryp, köp wagtlap dok saklaýar. Hurma DNK-lary we bedendäki öýjükleri täzeleýän seýrek miweleriň biri hasaplanýar. Onuň ösdürilip ýetişdirilýän ýerine görä dürli görnüşleri bolýar. Onuň düzüminde şeker, protein, süýüm we dürli ýaglar bilen bir hatarda, 16 görnüşli mineral madda bar. Şeýle hem C, B1, B2 we A witaminlerine hem baýdyr. Düzümindäki flor dişiň çüýremeginiň öňüni alýar we bedeniň immunitetini berkidýär. Iýmitlilik kuwwaty ýokary bolan bu miwe ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda peýdalydyr. Göz saglygyna hem haýry bolan miwäniň ganyňy köpeldiji häsiýeti hem bar. Müsür, Eýran, Saud Arabystany, Alžir, Pakistan, Tunis, Yrak, Sudan, BAE we Oman ýaly ýurtlar dünýäniň öňdebaryjy hurma öndürijileridir. Hurmanyň çigidiniň düzüminde hem protein, ýag, süýüm we mineral maddalar bardygy sebäpli käbir ýurtlarda mallara iým taýýarlamakda hem ulanylýar.
Palmanyň bir görnüşi bolan hurma tropiki, yssy we çöl tebigatly ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýär. Yssy howany halaýan hurma agajy Ortaýer deňziniň yklymynda hem ýetişýär. Ýokary hasyl almak üçin oňa yzygiderli dökün bermeli bolýar.
Onuň depesi güneşden, köki suwdan aýrylmaly däl. Ikisinden biri bolmadyk ýagdaýynda hasyl bermeýär. Hurma agajynyň boýy 25 metre çenli bolup bilýär. Iň ýokarsyndaky şahalarynyň arasynda emele gelýän salkymlarynyň hersi 8-10 kg aralygynda bolýar. Her agaçdan 40-200 kg aralygynda hasyl alynýar.
Hurmanyň adam bilen umumylyklarynyň köpdügi aýdylýar. Onuň ýaşaýan döwri hem şeýleräk. Hurma agajynyň “ýaşy” ortaça, 70 ýyla çenli, kä halatlarda 130 ýyla ýakyn bolup bilýär. Sekiz ýyldan soňra miwe berip başlaýan hurmanyň iň gowy hasyl berýän döwri 15-40 ýyllary aralygynda bolýar. Ony tohumyndan hem köpeldip bolýar. Ýöne onuň agajyndan çykan şahalar kesilip oturdylsa, has gowy miwe berýär. Bu şahajyklar onuň öz golaýynda ekilýär. Belli bir wagtdan soňra başga ýere äkidilip oturdylýar. Bu miwe Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlarynyň oba hojalyk ykdysadyýetinde uly orun tutýar.
Hurma adamzat tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän iň gadymy miweleriň biri hasaplanýar. Taryhy maglumatlarda mundan 8 müň ýyl ozal, Hindi ýarymadasynyň günbatarynda we Müsürde hurma ekilendigi barada aýdylýar. Müsürde bu agaç bezeg hökmünde hem peýdalanylypdyr. Şeýle hem müsürliler dürli keselleriň bejergisinde hurmadan peýdalanypdyr. XIX asyrda onuň nahallary Ispaniýadan Meksika äkidilip ekilýär. Hurmanyň tohumyny güldana ekip, öý şertlerinde gül hökmünde hem ulanyp bilersiňiz.