Lukmançylyk we fiziologiýa boýunça 2026-njy ýyl üçin Nobel baýragynyň eýeleri mälim edildi. Şöhle arkaly beýnini dolandyrmaga mümkinçilik berýän optogenetika ugrundaky açyşlary üçin bu baýraga Karl Daýsserot, Peter Hegemann we Georg Nagel mynasyp boldular.

Nobel komitetiniň habar bermegine görä, alymlar «şöhle bilen dolandyrylýan ion kanallary we optogenetika ugrundaky açyşlary üçin» üçin 12 million şwed kronyny (takmynan, 1,19 million dollary) deň paýlaşarlar. Bu ylmy açyş beýnidäki nerw öýjükleriniň işjeňligini şöhläniň kömegi bilen dolandyrmaga, newrologik hem-de psihiki bozulmalaryň sebäplerine düşünmäge, neýron zynjyrlaryny öwrenmäge we gözi görmeýän adamlaryň görüş ukybyny dikeltmäge giň ýol açýar.

Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy barlaghanalarynda giňden ulanylýan bu usul beýniniň syrlaryny açmaga, şeýle hem ýatlamalaryň, duýgularyň we özüňi alyp barşyň emele gelmegine neýronlaryň gatnaşygyny çuňňur öwrenmäge möhüm mümkinçilikler berýär.

Belli bolşy ýaly, lukmançylyk we fiziologiýa ugry boýunça Nobel baýragynyň eýeleriniň yglan edilmegi bu ýyl hem Nobel hepdeligine badalga berdi. Şeýle hem ýakyn günlerde fizika, himiýa, edebiýat, parahatçylyk we ykdysadyýet ugurlary boýunça ýeňijileriň atlary mälim ediler.

7-nji oktýabrda himiýa, 8-nji oktýabrda edebiýat boýunça baýragyň eýeleri mälim bolar, 9-njy oktýabrda bolsa Osloda parahatçylyk boýunça baýragyň eýesi yglan ediler. Şwesiýanyň Döwlet banky tarapyndan döredilen Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýragyň eýesi 12-nji oktýabrda belli bolar.