Dünýä metbugatynyň taryhynda ilkinji rus dilindäki çap gazetleriniň biri hökmünde «Ведомости» aýratyn orun eýeleýär. Bu gazet Russiýada yzygiderli çap metbugatynyň başlangyjyny goýup, XVIII asyryň başlarynda jemgyýete harby, syýasy we ykdysady täzelikleri ýetirmekde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr.

«Ведомости» gazetiniň döredilmegi Russiýanyň patyşasy Pýotr I bilen baglanyşyklydyr. 1702-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Pýotr I gazet çap etmek barada buýruk beripdir. Şol döwürde gazetiň esasy maksady döwletde we beýleki ýurtlarda bolup geçýän möhüm wakalary halka ýetirmekdi. Ilkinji synag görnüşindäki sanlar 1702-nji ýylyň dekabrynda taýýarlanypdyr, emma olaryň asyl çap nusgalary saklanyp galmandyr. Häzirki güne çenli olaryň golýazma nusgalary mälimdir.

Ilkinji saklanyp galan çap edilen sany 1703-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Moskwada çykarylypdyr. Şol döwürde häzirki senenama boýunça bu sene 13-nji ýanwara gabat gelýär. Gazetiň ilkinji sany «Ведомости о военных и иных делах, достойных знания и памяти, случившихся в Московском государстве и иных окрестных странах» diýen uzyn at bilen çykarylypdyr. Soňra onuň ady dürli döwürlerde «Ведомости», «Ведомости московские», «Российские ведомости» ýaly görnüşlerde ulanylypdyr.

Gazetiň döredilmeginde Pýotr I-iň özi hem işjeň gatnaşypdyr. Ol daşary ýurt gazetlerinden zerur maglumatlaryň terjime edilmegini belläp, käbir materiallary gözden geçiripdir we gazetiň mazmunyna düzedişler girizipdir. Şol döwürdäki «Ведомости» esasan Russiýanyň harby üstünlikleri, daşary ýurt wakalary, söwda, senagat we döwlet işleri baradaky maglumatlary çap edipdir.

Gazetiň ilkinji ýyllarda belli bir yzygiderli çykýan senesi bolmandyr. Sanlaryň sany şol döwürde bar bolan habarlara we maglumatlaryň gelip gowuşmagyna bagly bolupdyr. 1703-nji ýylda «Ведомости» gazetiniň 39 sany çykypdyr. Şol ilkinji ýylky sanlaryň her biri takmynan 2–6 sahypadan ybarat bolup, çeşmelerde ilkinji ýylda umumylykda 1000 nusgada çap edilendigi görkezilýär.

Gazet ilkinji ýyllarynda Moskwadaky Çaphana howlusynda çap edilipdir. 1711-nji ýyldan başlap neşiriň köp sany ýurduň demirgazyk paýtagtynda çap edilip başlanýar. Şondan soňra Sankt-Peterburg gazet üçin esasy merkeze öwrülýär. 1725-nji ýylda Pýotr I-iň ölmegi bilen gazet esasy howandaryny ýitirýär. Şondan soňra neşiriň çap edilmegini dowam etdirmek üçin sowatly žurnalistiň ýokdugy sebäpli gazetiň eýeçiligi Russiýanyň Ylymlar

akademiýasyna geçirilýär. 1728-nji ýyldan başlap neşir «Санкт-Петербургские ведомости» ady bilen çykarylýar. Akademiýanyň alymlary gazeti iki hepdeden bir gezek çykardylar we ylmy makalalar çap etdiler. 1875-nji ýylda neşiriö eýeçiligi Bilim ministrligine geçirilýär. 1917-nji ýylyň 11-nji noýabrynda gazet ýapylýar.

«Ведомости» häzirki döwürde gazet hökmünde ilkinji döwürdäki görnüşinde çap edilmeýän hem bolsa, onuň taryhy rus metbugatynyň ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Bu neşir Russiýada çap metbugatynyň ösmegine ýol açyp, döwlet we jemgyýet üçin habar beriş ulgamynyň kemala gelmegine täsir edipdir. Şeýlelikde, 1703-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Moskwada çykan «Ведомости» gazeti rus dilindäki çap metbugatynyň taryhynda möhüm başlangyç hökmünde kabul edilýär.

1991-nji ýylda «Санкт-Петербургские ведомости» ady bilen ýurduň ilkinji neşiri gaýtadan çap edilip başlanýar.  1999-njy ýylda Moskwada «Ведомости» ady bilen başga bir gazet döredilýär.

Aýsenem Orazmämmedowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.