8-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle-de Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, sebitara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine bagyşlanan möhüm çäräniň Türkmenistanda geçirilmeginiň ähmiýetini belledi hem-de bu ýokary derejedäki sammitiň üstünlikli geçirilmegi bilen hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy sebit hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça durnukly we köpugurly hyzmatdaşlyk edýärler. Iki döwletiň BMG-niň, ÝHHG-niň, YHG-nyň we beýleki halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny, öňe sürýän tekliplerini özara goldamagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugry bolup çykyş edýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny yzygiderli goldaýandygy üçin Gazagystan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýylyň aprel aýynda Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Astana şäherine amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, bildirilen myhmansöýerlik üçin Gazagystanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi hem-de bu duşuşygyň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi bolandygyna ynam bildirdi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup, ol energetika, ulag we logistika ýaly strategik taýdan wajyp ulgamlary öz içine alýar.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany döwletara gatnaşyklary berkitmekde medeniýet, ylym we bilim ýaly wajyp ugurlary öz içine alýan hem-de ikitaraplaýyn dialogyň aýrylmaz bölegi bolup durýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklarynyň arasynda medeni alyşmalaryň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.