Şeýle işleriň hatarynda ýurdumyzda il agzybirliginde bellenip geçilen milli Garaşsyzlygymyzyň şanly 27 ýyllygynyň öňüsyrasynda eziz Arkadagymyzyň okyjylara sowgat eden “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseriniň ikinji kitabyny görkezmek bolar. Bu kitabyň okyjylara gowuşmagy bilen, halkymyzyň eždat-pederlerimiziň taryhda yz goýan ýollaryna, dost-doganlyk gatnaşyklaryna bolan guwanjy has-da artdy.
Many-mazmuny bilen kalplara ylham, ellere ýaraşyk berip duran täze kitap anyk taryhy çeşmelerden toplanan takyk maglumatlara, arheologiýa we binagärlik ýadygärliklerine, täsin suratlara, etnografik maglumatlara daýanmak bilen, “Jeýhundan Hazara çenli”, “Günortadan Demirgazyga tarap ugur” atly bölümleri öz içine alýar. Bu bölümler öz içinde “Amul – Merw”, “Merw – Nusaý”, “Parfiýadan Girkaniýa çenli”, “Zemm – Gürgenç”, “Hyratdan Merwe ýol”, “Köpetdagdan Üstýurda çenli” ýaly baplara bölünmek bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň “geografiýasyny” emele getirýär.
Kitabyň Girişindäki şeýle setirler okyjyny turuwbaşdan pikirler ummanyna alyp gidýär: “Kitap ahlak, edep medeniýetinde iň ýokary derejeli kämillik mekdebi bolup, ýaşaýşa aň ýetirişiň dury akabasydyr, irki eýýamlardan başlap, ýaşaýan döwrüňe çenli döredilen ähli pelsepeleriň we beýik taglymatlaryň özenini özüne siňdirendigi sebäpli dürli ýaşdaky we hünärdäki adamlary öz daşyna jemlemek güýjüne eýedir”. Bu sözleriň jaýdar aýdylandygyny halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynda kitaba durmuş çelgisi – ýaşaýşyň ýol-ýörelgesiniň beýany hökmünde garap gelendigini doly we aýdyň görkezýär.
Kitap okyjyny ata-babalarymyzyň ýaşap geçen döwrüne, gojaman zeminiň göwsünde goýan yzlaryna tarap alyp gidýär. Has anyk aýdylanda, okyjy kitabyň sahypalarynyň üsti bilen gadymy Amula, özüniň medeniýeti bilen dünýä ýaň salan gadymy Marguş ýurduna, Tejen jülgesine, kalp öýünde ynsanperwerlik sapaklary bilen öçmejek ýadygärlik dikip giden Mäne babanyň gezen ýerlerine, Altyndepe, Ulugdepe ýadygärliklerine, ak bugdaýyň mekany bolan Änewiň geçmişine, Parfiýa döwletiniň merkezi Nusaý galalaryna gyzykly syýahat edip bilýär.
Awtor: “Geçmiş biziň şu günki durmuşymyza görünmezden goşulýar. Gadymyýetiň beýik medeniýetiniň mirasdüşeri bolan häzirki zaman Türkmenistanda geçmişiň buýsançly gymmatlyklary milli baýlyk hökmünde arzylanýar” diýýär. Kitabyň many-mazmunyny artdyrýan Daýahatyn baradaky, Darganyň we Gürgenjiň arasyndaky rabatlar, öz şypaly suwy bilen asyrlaryň dowamynda ene ýeri gülzarlyga öwrüp gelýän Murgabyň boýundaky, Uzboýuň ugrundaky şäherler, Köneürgenjiň golaýynda ýerleşen Horezm şalarynyň paýtagtyndaky täsinlikler muny aýdyň görkezýär.
“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseriň ikinji kitaby “Şahsyýetler we Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy wakalarynyň senenamasy” hem-de “Beýik Ýüpek ýoly bilen bagly bolan arheologik we etnografik adalgalaryň gysga sözlügi” atly goşundylar bilen jemlenýär. Kitabyň “Soňlamasynda” eziz Arkadagymyz kalp öýünden gaýdýan göwher sözlerini bir sapaga düzmek bilen şeýle diýýär: “Eger-de bir zamanlar üsti harytlardan mas ýüklenen düýeleriň kerweni deňiz deýin çaýkanyp ýatan Garagumuň tyllaýy çägeliklerinden zowwam geçip, ýaşyl ýaýlalar bilen jäheklenen şäherlerde goş ýazdyran bolsalar, indi bu aralyklary ýokary tizlikli awtobanlar hem-de döwrebap polat ýollary arkaly “göz açyp ýumasy” pursatda sökýäris. Bularyň ählisi tebigy gözellikleriň ummany bilen utgaşyp, syýahatçylara Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişine we şu gününe göz ýetirmäge mümkinçilikleri döredýär”.
Mähriban Arkadagymyzyň bu sözlerini şu günki gün ak sähralaryň gursagyny gulaçlap barýan otly hatarlary, deňiz, derýa gämileri, ýokary tizlikli awtoulaglar aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilen “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisi bolsa, türkmen topragynda ýaýylyp ýatan giňişliklere sähel wagtyň dowamynda syýahat etmegiň mümkindigini äleme äşgär etdi.
Kitapda anyk ylmy maglumatlar bilen bir hatarda, arheologiýa, palegeografiýa, gadymy ýaýlalaryň aero we kosmos kartalaşdyrmasy öz beýanyny tapýar. Şeýle hem arheologik we binagärlik ýadygärlikleriniň ajaýyp görnüşleri, birnäçe belli desgalaryň, köp sanly tapyndylaryň suratlary bezeýär.
Eziz Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ikinji kitabynyň ylmy gymmatlygy örän uludyr. Geljegimiz bolan ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti diýseň bimöçberdir. Çünki, bu eser kämillik mekdebidir.
Muhammet HYDYROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.