Dünýäniň öňdebaryjy 7 marafon ýaryşynyň biri bolan Çikago marafony 48-nji gezek geçirildi. Erkekleriň arasynda keniýaly Amos Kiprito ýeňiş gazandy. Ol ýaryşy 2 sagat 1 minut 9 sekuntda tamamlap, efiopiýaly Tadese Takeleni hem-de Milkesa Mengeşany yzda galdyrdy. Bu onuň uly  marafon bäsleşiklerindäki 2-nji ýeňşi bolup, 34 ýaşyndaky Kiproto 2022-nji ýylda Londonda ýeňiji bolupdy. Ol Çikagoda 2024-nji ýylda 3-nji, 2025-nji ýylda-da 2-nji ýeri eýeläpdi.

Zenanlaryň arasynda bolsa efiopiýaly Hawi Feýsa keniýaly türgenlerden öňe saýlandy. 27 ýaşyndaky Feýsa 42,195 kilometr aralygy 2 sagat 13 minut 33 sekuntda tamamlap, Çikagodaky bassyr 2-nji çempionlygyny baýram etdi. Feýsadan 34 sekunt giç galan keniýaly Şaron Lokedi 2-nji, 1 minut 36 sekunt soň pellehana gelen Çikagoda 2 gezek çempion bolan Brigid Kosgei 3-nji orny eýeledi.

Uly 7 marafon ýaryşlarynyň iň soňkusy 1-nji noýabrda Nýu Ýorkda geçiriler.