Formula 1 boýunça möwsümiň 17-nji ýaryşy Singapurda geçirildi. Ýurduň köçelerinde geçirilen ýaryşda “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy. Ol 62 aýlawy 1 sagat 42 minutda tamamlamagy başardy. Bu onuň Singapurdaky ilkinji, şu möwsümdäki yzly-yzyna 2-nji üstünligi bolup, ol karýerasyndaky 250-nji ýaryşynda 73-nji ýeňşini gazandy. Werstappen bu “Gran Priniň” çäginde geçirilen sprint bäsleşiginde-de ýeňiş gazanyp, goşmaça 8 utugyň eýesi boldy.

Ýaryşda ýeňijiden 7,335 sekunt yza galan “Ferrari” toparynyň monakoly sürüjisi Şarl Lekler 2-nji ýeri eýeledi. Münberiň 3-nji basgançagyna bolsa “Mercedes” toparyndan sanawyň lideri Kimi Antonelli çykdy. 4-5-nji orunlary “McLaren” toparynyň sürüjileri – britaniýaly Lando Norris bilen awstraliýaly Oskar Piastri eýeledi.

Bu ýaryşdan soň sürüjileriň sanawynda Kimi Antonelli 340 utuk bilen öňdeligini saklap gelýär. 2-3-nji ýerlerdäki britan sürüjileriniň degişlilikde, Jorj Rasselliň 238, Lýuwis Hamlitonyň 229 utugy bar. Soňky 2 ýaryşda ýeňiş gazanan Maks Werstappen utugyny 221-e ýetirip, 6-njy orundan 4-nji ýere beýgeldi.

Möwsümiň 18-nji “Gran Prisi” 25-nji oktýabrda ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Ostin şäherinde geçiriler.