Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň esasy maksady döwlet gullukçylaryny taýýarlamak ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybarat boldy. Taraplar iki döwletiň degişli okuw we ylmy-barlag merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik dolandyryşy ulgamynda tejribe alyşmagy maslahatlaşdylar.

Özbegistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi köpasyrlyk taryhy gatnaşyklara hem-de söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky strategik hyzmatdaşlyga esaslanýar. Häzirki wagtda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlygyň täze derejesine göterilip, taraplar 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşyklarda Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk Geňeşini döretmek baradaky Şertnama gol çekilmegi, ulag-logistika, ekologiýa we energetika ulgamyndaky bilelikdäki taslamalar, şeýle hem öňdebaryjy tejribäni we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça başlangyçlar şeýle hyzmatdaşlygyň şowly mysallarydyr. Bu duşuşyk Türkmenistanyň we Özbegistanyň ikitaraplaýyn özara bähbitler ugrunda köptaraply gatnaşyklary berkitmäge hem-de hünär tejribesini netijeli alyşmaga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Ýurdumyzyň dolandyryş işiniň kämilleşmeginde, kämil döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda biz üçin, ýagny bilim ulgamynyň hünärmenleri üçin halkara tejribäni öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunymyzy aýdýarys.

Zalila Rozyýewa,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.