Fin ro­man­çy­sy Frans Emil Sil­lanp­ýa Finl­ýan­di­ýa­nyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da­ky Hýa­menk­ýur­ýo­da daý­han maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. Onuň ka­ka­sy Frans Kos­ki­nen ýer­li däp-des­sur­la­ra eýe­rip, özü­niň ýa­şan ýe­ri­niň at­lan­dy­ry­ly­şy bo­ýun­ça fa­mi­li­ýa alyp­dyr: Sil­lanp­ýa – “köp­ri­niň öňün­dä­ki ber­kit­me” di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Kakasy Lui­ze Wil­ge­mi­ne Ii­saks­dot­te­re öý­len­mez­den 11 ýyl öň, Hýamenk­ýurýo gö­çüp bar­ýar we ol ýer­de onuň gelejekki maş­ga­la­sy we nesilleri do­wam­ly ýa­şap­dyr. Ol öý­le­nen­den soň­ra, uly bol­ma­dyk fer­ma döredýär we bu ýer­de ge­le­jek­ki ýa­zy­jy dün­ýä in­ýär. Sillanpýanyň uly do­ga­ny we uýa­sy ça­ga­lyk dö­wür­le­ri ara­dan çy­kan eken­ler.
Onuň ene-ata­sy onçakly baý bolmandyr, ýö­ne her ni­çik­de bol­sa, Fran­syň Tam­pe­re­dä­ki or­ta mek­de­be gat­na­ma­gy üçin pul ýyg­nap­dyrlar. Ol yh­las­ly okap­dyr we 1908-nji ýyl­da Hel­sin­kiý uni­wer­si­te­ti­ne gir­mä­ge müm­kin­çi­lik be­ren ýo­ka­ry ylym­ha­ky­ny alyp­dyr. Ol bu ýer­de biologiýa ugrundan okap, luk­man bol­ma­gy mak­sat edin­ýär. Şol dö­wür­ler­de ol şä­he­riň ede­bi­ýat we çe­per dö­re­di­ji­lik bi­len iş sa­lyş­ýan meş­hur adam­la­ry bi­len ta­nyş bol­ýar. Sil­lanp­ýa uni­wer­si­te­ti do­ly ta­mamla­ma­sa-da, bio­lo­gi­ýa onuň köp ba­bat­da ösüş­le­ri­ne se­bäp bol­ýar. Ol uni­wer­si­tet dö­wür­le­ri köp oka­ýar, esa­sa­nam, Strind­ber­gi, Me­ter­lin­ki we Gam­su­ny sö­ýüp­dir, hatda “Pan” we “Wik­to­ri­ýa­nyň” özü­ni joş­dur­ýan­dy­gy­ny aý­dyp­dyr. Sil­lanp­ýa üçin ede­bi­ýat ru­hy taý­dan ejir ber­ýän me­se­le­ler­den çy­kal­ga bo­lupdyr, ol özü­niň il­kin­ji he­ka­ýa­la­ry­ny paý­tag­tyň ga­zet-žur­nal­la­ryn­da ne­şir et­dir­ýär we ba­sym ady­gyp baş­la­ýar.
Ol 1913-nji ýyl­da uni­wer­si­te­ti taş­lap, öýü­ne do­la­nýar we dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­la­nyp baş­la­ýar. Onuň “Ku­ýaş we dur­muş” atly il­kin­ji ro­ma­ny 1916-njy ýyl­da ne­şir edil­ýär. Sil­lanp­ýa soň-soň­lar özü­niň bu ro­ma­ny­ny tiz­räk ýazyp gutarmagy üçin ne­şir­ýat­çy­nyň özü­ni myh­man­ha­na­nyň otag­la­ry­nyň bi­ri­ne ga­bap go­ýan­dy­gy­ny ýylgyryp gür­rüň be­rip­dir. “Ku­ýaş we dur­muş” ro­ma­ny ýaş­la­ryň dur­mu­şy ba­ra­da gür­rüň ber­ýän şow­ly çy­kan eser bol­ýar.
Sil­lanp­ýa 1916-njy ýyl­da goň­şy oba­da­ky fer­me­riň gy­zy Sig­rid Ma­rii Sa­lom­ýa­ka öý­len­ýär we ola­ryň se­kiz ça­ga­sy bo­lup, bi­ri ça­ga­lyk ýyl­la­ry ara­dan çyk­ýar. 1917-nji ýyl­da Finl­ýan­di­ýa döw­let ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bo­lan­dan soň­ra, aw­to­ryň “Dur­muş ýö­ri­şin­de adam­zat ça­ga­la­ry” at­ly no­wel­la­lar ýy­gyn­dy­sy ne­şir edil­ýär. Ýa­zy­jy­nyň 1919-njy ýyl­da “Ada­lat­ly ýok­sul­lyk” at­ly iri ese­ri ne­şir edil­ýär. Sil­lanp­ýa “Ada­lat­ly ýok­sul­lyk­da” il­kin­ji fin ýa­zy­jy­sy hök­mün­de wa­ka­la­ry re­al be­ýan ed­ýär. Ro­man hä­zir­ki za­man oky­jy­la­ry­na onçakly gyzykly bolmasa-da, 1919-njy ýyl­da ol uly üs­tün­lik ga­zan­ýar we uly hö­wes bi­len gar­şy­lan­ýar. Ýa­zy­jy bu ro­man­da wa­ka­la­ry ýüz­gö­rü­ji­lik­siz be­ýan edip, ýur­duň agyr ýag­daý­dan baş alyp çyk­ma­gyn­da il­kin­ji ädi­mi äd­ýär. Ol fin­le­re agyr ru­hy me­se­le­ler­den daş­laş­ma­ga ýar­dam be­renligi üçin, fin hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan ömür­lik kö­mek pu­lu­ny al­ýar.
Aw­tor soň­ky ýyl­lar bir­nä­çe no­wel­la­lar ýy­gyn­dy­sy­ny ne­şir et­di­rip, ola­ryň ha­ta­ryn­da “Hil­tu we Rag­nar” (1923), “Pe­riş­de­le­riň pe­na­syn­da” (1923), “Ze­min­de” (1924), “Dag­da­ky öý” (1925), “But­ha­na dä­bi” (1928), “Şu pur­sat üçin Hu­da­ýa şü­kür” (1930) ýa­ly eser­ler öňe saý­la­nyp, ol di­ňe bir Finl­ýan­di­ýa­da däl, eý­sem, beý­le­ki Skan­di­naw ýurt­la­ryn­da hem meş­hur­lyk ga­zan­ýar. Ýa­zy­jy­nyň “Ju­wan­lyk­da ýo­ga­lan” (1931) at­ly ro­ma­ny uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lup, Ýew­ro­pa­da oňa uly ab­raý ge­tir­ýär.
Ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy we ter­ji­me­çi­si Fil­lips Karl­ton 1933-nji ýyl­da oňa ýa­zan syn­la­ry­nyň bi­rin­de şeý­le di­ýýär: “Şah­sy­ýet ga­raş­syz, ol öz or­bi­ta­sy­nyň da­şyn­dan aý­lan­ýan uzak­da­ky syr­ly pla­ne­ta ýa­ly öz durmuşynda ýaşaýar”. Ol “Ju­wan­lyk­da ýo­ga­lan” bi­len bir­lik­de 1932-nji ýylda neşir edilen “Er­kek ki­şi­le­riň ýo­ly” ro­ma­ny­ny ýaz­ýar. Ede­bi­ýa­tyň ta­ryh­çy­sy Ýak­ko Aho­kas bu ro­ma­ny iň­lis ýa­zy­jy­sy D.G. Lou­ren­siň ese­ri bi­len de­ňeş­di­rip­dir. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Aho­kas “Her iki aw­tor­da hem ýy­lyň pa­syl­la­ry­nyň çal­şy­gy­nyň ara­syn­da­ky ýaly ara­bag­la­ny­şyk hem-de adam­la­ryň dur­mu­şyn­da­ky öz­ge­riş­lik du­ýul­ýar” di­ýip, ýaz­ýar.
“To­mus gi­je­sin­dä­ki adam­lar” (1934) aw­to­ryň iň esa­sy eser­le­ri­niň bi­ri ha­sap­la­nyp, ol özü­niň ýo­ka­ry joş­gun­ly­ly­gy we tä­sir­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Aho­kas bu ese­riň “Ýa­zy­jy­nyň iň oý­la­nyp, öl­çe­ri­len çyl­şy­rym­ly ese­ri­di­gi­ni” bel­läp geç­ýär. Sil­lanp­ýa Ikin­ji ja­han ur­şu­nyň baş­la­nma­gy hem-de aýa­ly­nyň ara­dan çyk­ma­gy ze­rar­ly çuň­ňur göw­nü­çök­gün­li­ge düş­ýär. Onuň dur­mu­şy­nyň kyn geç­ýän döw­ri – 1939-njy ýyl­da “Fin daý­han­la­ry­nyň dur­mu­şy­na içgin ara­laş­an­ly­gy we te­bi­gat bi­len bag­la­nyş­dy­ryp, ola­ryň däp-des­sur­la­ry­ny täsirli be­ýan ed­en­li­gi üçin” No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­ýar. Uruş ze­rar­ly sy­lag­la­ýyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­me­ýär, ýö­ne Sil­lanp­ýa 1939-njy ýy­lyň de­kab­ryn­da şwed aka­de­mi­ýa­sy­nyň mej­li­sler zalynda me­dal we baý­ragyň dip­lo­my­ny al­ýar. Ýa­zy­jy 1940-njy ýyl­dan 1943-nji ýy­la çen­li ru­hy taý­dan çök­gün­ligi se­bäp­li psi­hi­at­rik ke­sel­ha­na­da ýat­ýar, ýö­ne ýaz­ma­gy­ny bes etmeýär. “Aw­gust” (1941) we “Gö­zel­lik we adam­zat dur­mu­şy­nyň eji­ri” at­ly aw­to­bi­og­ra­fik eser­le­ri­ni ýaz­ýar. “Ýi­git öz dur­mu­şyn­da ýa­şa­dy” (1953), “Gür­rüň ber­ýä­rin we şe­kil­len­dir­ýä­rin” (1955) we “Gü­nüň mö­hüm wa­ka­la­ry” (1956) ýa­ly üç jilt­lik ki­ta­by ýa­zy­jy­nyň iň soň­ky eserleridir. Uzyn boý­ly, egin­lek, sa­kal­ly, ta­kyr kelle er­kek ki­şi wa­ta­ny­ny tüýs ýü­rek­den sö­ýüp­dir. Ýa­zy­jy öm­rü­niň soň­ky ýyl­la­ryn­da ra­dioda köp çy­kyş edip, uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. Ol 1964-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da Hel­sin­ki­de ara­dan çyk­ýar.
“Hiç bir fin ýa­zy­jy­sy­na oba dur­mu­şyn­da bo­lup geç­ýän wa­ka­la­ry Sil­lanp­ýa­nyň de­re­je­sin­de be­ýan et­mek ba­şar­dan däl bol­sa ge­rek. Ol Ýew­ro­pa kys­sa­syn­da öz­bo­luş­ly ha­dy­sa­dyr” di­ýip, edebiýat tankytçysy Lau­ri Wil­ýa­nen bel­läp geç­ýär.