Hazar deňzi tebigatyň ajaýyp baýlyklarynyň biridir. Onuň mawy tolkunlary, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi, baý tebigy serişdeleri diňe bir kenarýaka döwletleriň däl, eýsem, tutuş adamzadyň umumy ekologik gymmatlygydyr. Şoňa görä-de, Hazaryň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, deňiz gurşawynyň arassalygyny üpjün etmek we onuň ekoulgamynyň deňagramlylygyny berkitmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu babatda Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara ekologik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin aýratyn ähmiýetlidir. Awazada Hazar ekologiýa sammitiniň geçirilmegi baradaky başlangyç deňziň geljegine bolan umumy jogapkärçiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň we sebitleýin hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany bolup çykyş edýär.
Hazar deňzi dünýäniň iň uly ýapyk suw howdany bolup, özboluşly biologik köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde duş gelýän Hazar düwlenleri, bekre balyklary we beýleki seýrek görnüşler deňziň ekologik ulgamynyň aýrylmaz bölegidir. Şol bir wagtyň özünde howanyň üýtgemegi, suwuň derejesiniň peselmegi, hapalanmak howpy we biologik serişdeleriň azalmagy Hazaryň tebigatyny goramak boýunça sazlaşykly çäreleriň zerurdygyny görkezýär. Hazar ekologiýa sammitiniň esasy gymmaty hem deňziň tebigy gurşawyny gorap saklamaga, ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge we geljekki nesiller üçin ekologiýa taýdan sagdyn Hazary miras galdyrmaga gönükdirilen çemeleşmede jemlenýär.
9-njy oktýabrda geçirilen Hazar ekologiýa sammiti deňziň suwunyň derejesiniň üýtgemegi, kenarýaka ekoulgamlaryň goralmagy, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy we ekologik howpsuzlygyň üpjün edilmegi ýaly möhüm meseleleri halkara derejede ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Sammitiň aýratynlygy Hazar deňziniň ekologik meseleleriniň döwlet Baştutanlarynyň derejesinde özbaşdak ara alnyp maslahatlaşylmagyndadyr. Duşuşykda Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegi ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Bu ýagdaý deňiz ulaglaryna, kenarýaka infrastrukturasyna, balykçylyk hojalygyna we tebigy ýaşaýyş gurşawyna täsir edip bilýär. Şonuň üçin meseläniň çözgüdi ähli Hazarýaka ýurtlaryň bilelikdäki tagallalaryny talap edýär. Sammitde suwuň derejesiniň üýtgemegini öwrenmek boýunça Hökümet
Baştutanlarynyň orunbasarlarynyň derejesinde topar döretmek, onuň ýanynda alymlaryň we hünärmenleriň ýöriteleşdirilen iş toparlaryny guramak baradaky tekliplere üns berildi.
Türkmenistanyň Hazar ekologiýa başlangyjy ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak babatdaky halkara işjeňliginiň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Hazar ekologiýa başlangyjyny öňe sürüpdi. Awazada geçirilen sammit bolsa bu başlangyjy ýokary derejeli köptaraplaýyn gepleşikler bilen dowam etdirdi.
Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalarynyň ähmiýeti diňe bir ekologiýa bilen çäklenmeýär. Hazar deňziniň goralmagy ulag-logistika gatnaşyklarynyň, söwda hyzmatdaşlygynyň, balykçylyk pudagynyň we syýahatçylygyň durnukly ösüşi üçin hem zerurdyr. Deňziň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen ykdysady ösüşiň arasynda sazlaşykly deňagramlylygy saklamak häzirki döwrüň möhüm talabydyr. Şu nukdaýnazardan, Awaza sammiti tebigaty goramak bilen ykdysady hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň täze mümkinçiliklerini açýan möhüm gepleşik meýdançasyna öwrüldi.
Hazar deňziniň geljegi diňe bir şu günki nesliň däl, eýsem, ertirki nesilleriň hem ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ekologik medeniýeti ösdürmek, ýaşlary tebigaty goramak işlerine işjeň çekmek, ylmy-barlag hyzmatdaşlygyny giňeltmek we daşky gurşawa aýawly çemeleşmek her birimiziň öňümizde duran möhüm wezipedir.
Gülistan ÝUSUPOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň logistika kafedrasynyň mugallymy.
PDF








