Garaşsyz ýurdumyzda geçirilýän halkara sergilerde doganlyk halklaryň milli gymmatlyklary, dostlukly ýurtlaryň ykdysady üstünlikleri öz beýanyny tapýar. Golaýda ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ýokary derejeli duşuşyklar dürli çärelere baý boldy. Şolaryň hatarynda GDA agza ýurtlaryň we Eýran Yslam Respublikasynyň bilelikdäki sergisinde bu ýurtlaryň halklarynyň gazananlary görkezildi. Sergä gatnaşyjy ýurtlaryň diwarlyklarynda senagat, söwda, oba hojalygy, täze tehnologiýalar ýaly ugurlara uly orun berildi. Sergi dürli ýurtlaryň ykdysady kuwwaty bilen birlikde, olaryň medeni mirasynyň özboluşlylygyny hem açyp görkezdi. Döwlet Baştutanlarynyň sergi bilen tanyşmagy bolsa çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Şeýle sergileriň geçirilmegi ähli tarapdan ähmiýetlidir. Ýurtlaryň senagatda gazanan üstünlikleri, täze tehnologiýalar bilen tanyşmak, birek-birek bilen duşuşyp, tejribe alyşmak örän peýdalydyr. Şeýle sergilerde diňe önümler görkezilmek bilen çäklenilmän, beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen tanyşmaga, olaryň tejribelerini öwrenmäge, täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine göz ýetirmäge hem şert döreýär. Myhmanlar sergä örän ýokary baha berdiler. Serginiň dowamynda dürli ýurtlaryň wekilleriniň özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy aýratyn duýuldy. Olar şeýle çäreleriň işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, önüm öndürijileri täze bazarlar bilen tanyşdyrmak, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny gözlemek babatda uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Şunda ýurdumyzyň halkara sergileri we işewürlik duşuşyklaryny geçirmekde toplan tejribesine hem ýokary baha berildi.
Hormatly Prezidentimiziň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň netijesinde ýurdumyz dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylýan, möhüm duşuşyklaryň we forumlaryň, sergileriň ýygy-ýygydan geçirilýän ýerine öwrüldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan bu sergi hem özara bähbitli hyzmatdaşlyga, söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmany ýene bir gezek görkezdi.
Güljahan Allaberenowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
PDF








